Döredijilikli zähmete goşandymyz

31 Mart 2021
920

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary belent sepgitler, şanly wakalar bilen dabaralanýar. Arkadag Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda-da halk hojalygymyzyň ähli ugurlarynda gowy netijeler gazanylýar. Bu hakykata ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda gazanylýan ýokary netijelerdenem göz ýetirmek bolýar. Şeýle üstünligiň zähmet adamsy hakynda edilýän yzygiderli aladanyň miwesidiginem ýatlamak ýakymlydyr.

Şonuň üçinem şanly ýylymyzda-da ulaglar müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan uly tagallalar edilýär. Şol tagallalaram gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şol bir wagtda biz işgärleriň zähmetini goramagyň meselelerine hem uly üns berip, bu baradaky talaplaryň berk berjaý edilmegi ugrunda ýadawsyz aladalanýarys. Ulaglar müdirligimizde tehniki howpsuzlygyň, hereket howpsuzlygynyň düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegem derwaýys meseledir. Şonuň üçinem bu babatda düşündiriş işlerini talaba laýyk ýola goýýarys.