Döwrüň talaplaryna laýyk

29 Mart 2021
664

Ýurdumyzyň ykdysady, medeni durmuş ulgamlaryndaky bedew batly ösüşler kanunçylyk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirilip durulmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda bu barada giňişleýin durup geçmek bilen, olaryň öňünde özgertmeleriň kanuny binýadyny berkitmek boýunça anyk wezipeleri goýdy. Olaryň bir bölegi ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy, elektron senagatyny döretmek bilen bagly işleriň ýokary depginde alnyp barylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ösüşlerdäki çalt depginler kanunçylyk ulgamynyň hem döwür bilen aýakdaş gadam urmagyny talap edýär. Başgaça aýdanymyzda, berk kanuny binýat özgertmeleriň bellenilen möhletlerde amala aşyrylmagynyň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen, ösüşleriň täze belentliklerine tarap giň ýol açylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde ägirt uly toplumlaýyn işler dur. Sebäbi bir ulgam beýleki ulgam bilen utgaşyp gidýär. Mysal üçin, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak aragatnaşygyň maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň hem deň derejede ösdürilmegini, maglumat hyzmatlarynyň talabalaýyk ýola goýulmagyny talap edýär. Şonuň üçin hem bir ugruň kanunçylygynyň döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi, beýleki ugry hem kämilleşdirmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Biz ilatyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde goýan wezipeleriniň ähmiýeti, kanun çykaryjy edaranyň olary ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işleri barada düşündiriş işlerini giňden ýaýbaňlandyrdyk. Olarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, raýatlaryň, edaralaryň, kärhanalaryň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýän, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goraýan kanunlar barada hem giňişleýin düşünje berýäris. Bu bolsa ilatyň hukuk bilimleriniň ýokarlanmagyny, ýurdumyzda kanunçylygy kämilleşdirmek barada alnyp barylýan işler barada habarly bolmagyny üpjün edýär.

Aýsoltan ATANIÝAZOWA,
Türkmenabat şäher prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.