"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Sanly ykdysadyýet we döwrebap hyzmatlar

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de elektron senagaty ösdürmek arkaly ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwlete öwürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri we täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan ýokary ykdysady netijeler kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu resminamanyň baş maksady öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, öz baýlyklarymyzyň esasynda dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetmäge gönükdirilen milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrylan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmagy dowam etmek, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimize mynasyp goşant

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady strategiýasynda diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak syýasatyna aýratyn ähmiýet berlip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak wezipesinden ugur alynýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ykdysady ösüşiň täze hiliniň gazanylmagyna mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de köpugurly ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Gözel paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde «Aşgabat Siti» diýlip atlandyrylýan täze toplumyň düýbi tutuldy. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol dürli maksatly binalardyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklar üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer. Bu ýerde edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köpsanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk çagalar baglarynyň 4-si, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, medeniýet öýi we 5000 orunlyk sport toplumy bina ediler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky we «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bank

Mekdep bazarlary alyjylaryň hyzmatynda

Tomus paslynyň awgust aýynyň başlanmagy bilen mekdep okuwçylarynyň täze 2021 — 2022-nji okuw ýyly üçin okuw esbaplaryny taýýarlamak işlerine badalga berildi. Şonuň üçin-de ýurdumyzyň dürli söwda nokatlarynda guralýan göçme mekdep bazarlary okuwçylar üçin gerekli harytlaryň dürli görnüşleri bilen üpjün edilýär. Mekdep lybaslaryny we okuw esbaplaryny satyn almak, ylaýta-da, şu ýyl bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän, birinji synpa okuwa barýan çagalar üçin täsirli wakadyr. Olar ene-atalary bilen mekdep bazarlaryna uly höwes bilen barýarlar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenistan bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Ýaş nesli ýurdumyzyň geljegine deňeýän hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe olaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly we hemmetaraplaýyn sowatly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap mekdeplerde okuwçylaryň bilime bolan teşneligini gandyrmak, olarda öwrenmäge bolan islegleri artdyrmak, Watana, halkymyza we hormatly Prezidentimize bolan söýgini terbiýelemek ugrunda işler alnyp barylýar. Bu bilim ojaklarynyň döwrebap enjamlardyr kompýuter we lingafon otaglary bilen üpjün edilmegi okuwçylaryň sanly ulgam bilen bagly düşünjelerini çuňlaşdyrmaga hem-de olaryň tehnologiýalardan baş çykaryş

Tehnikalar Möhüm möwsüme taýýar

Ýene-de sanlyja günlerden ýylyň jogapkärli möwsümine — pagta ýygymyna badalga berler. Hormatly Prezidentimiziň goldawyndan ýerlikli peýdalanýan welaýatymyzyň daýhanlary bu ýyl hem bol hasyl ýetişdirdiler. Ony kabul etmek, gaýtadan işlemek bolsa «Lebappagta» önümçilik birleşiginiň düzümleriniň paýyna düşýär. Şonda welaýatymyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalaryň öňünde hem jogapkärli wezipeler durýar. Olar bu möwsüme taýýarlykly barýarlar. Biziň pagta arassalaýjy kärhanamyz hem şolaryň hatarynda. Şu döwre çenli kärhanada möwsüme taýýarlyk işleri üstünlikli tamamlandy. Hünärmenleriň güýji bilen önümçilik bölümleriniň enjamlary, agregatlary we jaýlary doly abatlanyldy.  Abatlaýjylar tomsuň amatly günlerinde degişli işleri guramaçylykly geçirdiler. Bu işde abatlaýyş bölüminiň hünärmenleri Kadamjan Bazarow, Myrat Gasanow, Wýaçeslaw Rannew, Rahym Bazarow dagy beýlekilere nusga alarlyk görelde görkezdiler. Olar her ýyl abatlaýyş işlerine işjeň gatnaşýarlar. Ýokary guramalar tarapyndan gerekli ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerurlyklar bilen üpjünçilik meselesiniň oňyn we öz wagtynda çözülendigi bolsa işleriň wagtynda tamamlanmagyna we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine amatly şert döretdi. Käbir zerur şaýlaryň kärhananyň hut özünde taýýarlanylmagy olaryň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna getirdi.

Ätiýaçlandyryş hyzmatlary kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribelerinden peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly, ykdysadyýetimizde uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiz we hususy telekeçiler ysnyşykly iş alyp barýarlar. Ykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp durýan şertlerinde telekeçilige we işewürlige ygtybarly gorag gerek. Bu babatda ätiýaçlandyryş möhüm ugur bolup durýar. Ýurduň maliýe syýasatyndaky täze ülňüler bazar ykdysadyýetine gatnaşykda bolup, ätiýaçlandyryş hyzmatlary bazaryň ähmiýetine täzeçe düşünilmegine güýçli itergi berýär.

Täze suw howdany ulanmaga berildi

11-nji awgustda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze suw howdany ulanylmaga berildi. Bu howdan ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem oba zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Im­por­ty 1,5 es­se ýo­kar­lan­dy

ABŞ-da Rus­si­ýa­dan im­port 2021-nji ýy­lyň ýanwar-maý aýlarynda ge­çen ýy­lyň degişli döwri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 1,5 es­se ýo­kar­lan­dy. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň ilat ýa­zuw býu­ro­sy ha­bar ber­ýär. Bu gör­ke­zi­ji­niň 11,5 mil­liard dol­la­ra ýe­ten­di­gi bel­len­di. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan ne­bit, ne­bit önüm­le­ri­niň eks­por­ty 78 gö­te­rim ar­typ, 6,7 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Şeý­le-de bol­sa, bu mag­lu­mat­lar Rus­si­ýa­nyň Fe­de­ral güm­rük gul­lu­gy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na ga­bat gel­me­ýär. Bäş aýyň do­wa­myn­da gümrük gullugynyň ABŞ-a eks­port ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry pes bo­lup, 6,1 mil­liard dol­la­ra (ýyl­lyk 26 gö­te­rim) deň. Şeýle ýagdaýyň Federal gümrük gullugynyň diňe ABŞ-a göni iberilmegini göz öňünde tutýandygy, amerikan tarapynyň bolsa gelip çykyşy boýunça Russiýada öndürilen ähli harytlary nazara alýandygy üçin ýüze çykýar.

Ho­wa bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­sy­ny düz­di

Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry wo­do­rod ener­gi­ýa ul­ga­my­ny gur­mak ba­ra­da ka­nun tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­dy. Tas­la­ma 8 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýu­my­ny öz içi­ne al­ýar. Bu ba­ra­da ma­li­ýe mag­lu­mat­la­ry ýaýradýan «Bloom­berg» saý­ty ha­bar ber­di. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­me­kde Ýer to­ga­la­gy­ny ha­las et­me­giň aça­ry ha­sap­lan­ýan wo­do­rod ener­gi­ýa ul­ga­my­ny gur­mak, köp­lenç, ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne esas­lan­ýar. Bu mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek 8 mil­liard dol­la­ra dü­şer. Iň azyn­dan üç se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ip, bu ýer­ler­de te­bi­gy gaz­dan, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den we ýad­ro ener­gi­ýa­syn­dan wo­do­rod ön­dü­ri­ler.

Önüm öndürijilere goldaw

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hususy pudagy ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Şol işlere bank ulgamy hem mynasyp goşant goşýar. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem bu ugurda wajyp işleri amala aşyrmak bilen, müşderilerine edýän hyzmatlarynyň gerimini günsaýyn giňeldýär. Dürli görnüşli hyzmatlar bilen bir hatarda bankymyz tarapyndan hödürlenilýän karzlar halkymyza uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle amatly bank hyzmatlarynyň biri hem önümçilik maksatly karzlardyr. Bu karz serişdeleri kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenilýär. Önümçilik maksatly karzlar önüm öndürijileri maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, ozal bar bolanlaryny has-da ösdürmekde we olaryň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Kärhananyň döwrebap işleri

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde bu barada aýdan teklipleri olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, şeýlelikde, pudagyň ýokary göterilmegine badalga berdi. Munuň özi ata Watanymyzyň senagatlaşdyrylmagy, ykdysadyýetiniň ösdürilmegi babatda uly ähmiýete eýedir. Geçen ýyllarda bu ugurda amala aşyrylan taslamalary nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle belleýär: «Biziň halkymyz Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzy agrar ülkeden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdy. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümlerini kämilleşdirmäge örän köp maýa goýumlary gönükdirildi. Netijede, ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi».

Ysnyşykly ykdysady gatnaşyklar

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek möhüm bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň yzygiderliligini üpjün etmekden ybaratdyr. Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygynyň döredilmegine uly üns berilýär. Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň emele gelendigine garamazdan, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini ödeýän sanawynyň giňemegine tarap ugur alynýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi diňe bir içerki bazarda önümleriň bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, eýsem, önüm öndürijileriň öz önümlerini ýerlemekleri üçin täze bazarlary gözlemeklerine-de itergi berýär.

Nebit önümleri bökdençsiz ugradylýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary hilli nebit we nebit-himiýa önümleri taýýarlanylýar. Olar içerki we daşarky bazarlaryň geçginli harytlarydyr. Ýeri gelende aýtsak, zawodlar toplumy juda gysga döwrüň içinde milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň kerwenbaşysyna öwrüldi. Tutuş ýurtda öndürilýän senagat önümleriniň saldamly bölegi ägirt uly mümkinçiliklere we baý önümçilik tejribelerine eýe bolan şu kärhana degişlidir. Bu toplum, dürli kysymly awtomobil benzinlerini, awiasiýa we tehniki kerosinlerini, dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, koksy, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk, ýol bitumlaryny, nebit we nebit-himiýa önümlerini öndürýär. Köp islegli, ýokary hilli önümleriň öndürilişi bu ýerde ýylsaýyn artýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen ýedi aýynda topluma gelip gowşan 2 million 693,5 müň tonnadan gowrak nebitiň 2 million 672 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi. Bu görkezijiler zawodlar toplumynda netijeli işleriň bitirilýändiginden habar berýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynyň bu öňdebaryjy kärhanasynyň önümçilik düzümleriniň yzygiderli täzelenişi başdan geçirýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hut şu ýagdaýyň özem önümleriň görnüşleri, hili babatda dünýä nusgalyk işleri bitirmäge, taýýar önümleri içerki we

Milli ykdysadyýetimiz ösüşlere beslenýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän Ministrler Kabinetiniň her bir, şol sanda giňişleýin mejlisi, iş maslahatlary halk bähbitli beýik işlere beslenýär. Şonuň üçin hem milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilýän çäreler, wakalar biziň her birimizde çuňňur gyzyklanma döredýär. Hökümetiň mejlislerinde, iş maslahatlarda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, degişli çözgütler kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşýan çäreleri bolsa Watanymyzyň häzirki zaman taryhynyň senenamasyny möhüm waka hökmünde bezeýär we baýlaşdyrýar. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreleriň oňyn netijesi, ilkinji nobatda, makroykdysady görkezijilerde öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin biz jemi içerki önümiň, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň depginlerine, şeýle hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn gyzyklanma bildirýäris. Sebäbi olar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatyň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň görke

Nebithimiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagydyr

Garaşsyz ýurdumyzda Prezident maksatnamalaryna laýyklykda özleşdirilýän maýa goýum taslamalary milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, ilatyň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Nebitgaz toplumynda, onuň möhüm ugry bolan nebithimiýa pudagynda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak üçin işjeň maýa goýum syýasatynyň, senagat ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilmeginiň netijesinde berk binýat kemala geldi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) amala aşyrylýan özgertmeler onuň aýdyň mysalydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe TNGIZT diňe nebithimiýa pudagynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iňňän uly döwrebap toplumyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberiniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda zawodlar toplumynyň öňünde uly mümkinçilikler açyldy. Bu hem işiň depginini üzül-kesil ýokarlandyrdy we nebithimiýaçylaryň öňünde täze wezipeleri goýdy.

Türkmenistanda nebit känleriniň işjeňligini häsiýetlendirmek

Ýangyç-energetika toplumynda nebit we gaz esasy orny eýeleýär. Türkmenistan nebitiň we gazyň öndürilişinde dünýäde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki döwürde nebit we gaz känleriniň onlarçasyndan önümler alynýar. Olaryň işe ukyplylygy hem dürli-dürli bolup, geologik gurluşy babatda gaty çylşyrymly derejededir. Köp ýataklaryň tektoniki näsazlyklary bilen gatlagyň köp bölege bölünmegi we her bölegiň öz geologik we energetiki taýdan tapawudynyň bolmagy olaryň çylşyrymlylyk derejesiniň ýokarydygyny açyp görkezýär. Bulardan başga-da, nebit we nebitgaz ýataklarynyň geologik we energetiki aýratynlyklarynda ulanyş desga girýän gatlaklardaky çäge däneleriniň özara jebisliginiň gowşak bolmagy çylşyrymly çözgütleri talap edýär. Şeýle-de geologik aýratynlyklarda nebitli we suwly gatlaklaryň biri-biriniň aralygynda ýerleşmegi we suwuň nebit gatlagyna gelmek howpunyň döremegi, özbaşdak gaz ýataklarynyň we nebitiň üstünde ýerleşen gaz gatlaklarynyň ýüze çykmagy çylşyrymlylyk çägini has-da ýokarlandyrýar. Ýüze çykýan ýagdaý, ylmyň gazananlaryndan ugur almak bilen, çylşyrymlylygy aradan aýyrmagy esasy mesele hökmünde orta çykarýar. Diňe bir ylmyň gazananlaryndan peýdalanmak arkaly degerli netijeler gazanylman, eýsem, ösen innowasion tehnologiýanyň bu ugra ornaşdyrylmagyny hem talap edýär.

Tebigy gaza bolan isleg artýar

Türkmenistanyň gaz pudagy täze sepgitlere çykýar: şu ýylyň ýedi aýynda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylan mukdary ýurdumyz boýunça 48,7 milliard kubmetre golaý boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde olar 9 milliard kubmetrden hem gowrak artdy. Tebigy gazyň 27 milliard kubmetre golaýy eksporta ugradyldy, bu görkeziji geçen ýylyň 7 aýyna garanyňda 7,3 milliard kubmetr köp boldy. Ösüş depgini 137 göterime deň boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy. Halkara analitiki kompaniýalaryň maglumatlaryna görä, tebigy gaza bolan isleg diňe Hytaý Halk Respublikasynda däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, «The Wall Street Journal» amerikan neşiri bu ýagdaýyň soňky ýylyň dowamynda kompaniýalaryň COVID-19 pandemiýasy zerarly gazyň çykarylyşyny azaltmagy hem-de ony entek dikeldip bilmänligi bilen şertlendirilendir diýip belleýär. Galyberse-de, gyşyň sowuk hem-de tomsuň yssy bolmagy elektroenergetikada gaza bolan islegiň artmagyna getirdi.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli mazuty satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurtly işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, ECO-93 kysymly awtobenzini, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň eýeleýän orny

Daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmeginiň we seljerilmeginiň netijesinde, häzirki wagtda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk konsepsiýasynyň dünýäde giň gerim bilen ulanylýandygy we bu meselä ünsüň artdyrylmagy innowasiýa çärelerine maýa goýmak prosesinde döwlet bilen işewürligiň arasyndaky meseleleriň we geljegiň jikme-jik seljerilmegini talap edýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň ösüşi bellibir şertleri talap edýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä geçirilen seljermäniň esasynda Halkara Walýuta Gaznasy döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň görkezijileriniň dört toparyny ýüze çykardy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Owganystandan, Türkiýeden, Gyrgyz Respublikasyndan, Gonkongdan, Germaniýadan, Özbegistandan, Beýik Britaniýadan we Russiýa Federasiýasyndan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, awiakerosini, suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen gurluşyk önümleri we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplükler satyldy. Şol sanda dürli görnüşli haly önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 109 million 678 müň 640 dollaryndan gowrak boldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy

6njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwdaykdysady, maýa goýum, senagat we ulagkommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp geçirilen foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.