Tehnikalar Möhüm möwsüme taýýar

13 Awgust 2021
865

Ýene-de sanlyja günlerden ýylyň jogapkärli möwsümine — pagta ýygymyna badalga berler. Hormatly Prezidentimiziň goldawyndan ýerlikli peýdalanýan welaýatymyzyň daýhanlary bu ýyl hem bol hasyl ýetişdirdiler. Ony kabul etmek, gaýtadan işlemek bolsa «Lebappagta» önümçilik birleşiginiň düzümleriniň paýyna düşýär. Şonda welaýatymyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalaryň öňünde hem jogapkärli wezipeler durýar. Olar bu möwsüme taýýarlykly barýarlar. Biziň pagta arassalaýjy kärhanamyz hem şolaryň hatarynda. Şu döwre çenli kärhanada möwsüme taýýarlyk işleri üstünlikli tamamlandy. Hünärmenleriň güýji bilen önümçilik bölümleriniň enjamlary, agregatlary we jaýlary doly abatlanyldy. 

Abatlaýjylar tomsuň amatly günlerinde degişli işleri guramaçylykly geçirdiler. Bu işde abatlaýyş bölüminiň hünärmenleri Kadamjan Bazarow, Myrat Gasanow, Wýaçeslaw Rannew, Rahym Bazarow dagy beýlekilere nusga alarlyk görelde görkezdiler. Olar her ýyl abatlaýyş işlerine işjeň gatnaşýarlar. Ýokary guramalar tarapyndan gerekli ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerurlyklar bilen üpjünçilik meselesiniň oňyn we öz wagtynda çözülendigi bolsa işleriň wagtynda tamamlanmagyna we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine amatly şert döretdi. Käbir zerur şaýlaryň kärhananyň hut özünde taýýarlanylmagy olaryň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna getirdi.

Babamyrat SOPYÝEW,
Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.