Milli ykdysadyýetimize mynasyp goşant

13 Awgust 2021
936

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady strategiýasynda diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak syýasatyna aýratyn ähmiýet berlip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak wezipesinden ugur alynýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ykdysady ösüşiň täze hiliniň gazanylmagyna mümkinçilikleri döredýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de köpugurly ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Gözel paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde «Aşgabat Siti» diýlip atlandyrylýan täze toplumyň düýbi tutuldy. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol dürli maksatly binalardyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklar üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer. Bu ýerde edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köpsanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk çagalar baglarynyň 4-si, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, medeniýet öýi we 5000 orunlyk sport toplumy bina ediler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky we «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahamçalaryny gurmak, şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän 12 ― 35 gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Jahan HAMRAÝEWA,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Lebap» şahamçasynyň karzlaşdyryş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni.