Nebithimiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagydyr

9 Awgust 2021
1004

Garaşsyz ýurdumyzda Prezident maksatnamalaryna laýyklykda özleşdirilýän maýa goýum taslamalary milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, ilatyň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Nebitgaz toplumynda, onuň möhüm ugry bolan nebithimiýa pudagynda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak üçin işjeň maýa goýum syýasatynyň, senagat ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilmeginiň netijesinde berk binýat kemala geldi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) amala aşyrylýan özgertmeler onuň aýdyň mysalydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe TNGIZT diňe nebithimiýa pudagynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iňňän uly döwrebap toplumyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmeginde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberiniň we görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda zawodlar toplumynyň öňünde uly mümkinçilikler açyldy. Bu hem işiň depginini üzül-kesil ýokarlandyrdy we nebithimiýaçylaryň öňünde täze wezipeleri goýdy.

Aýterek ANNAMYRADOWA,
TNGIZT-niň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji kärhanasynyň nasos desgalarynyň maşinisti.