Tebigy gaza bolan isleg artýar

9 Awgust 2021
797

Türkmenistanyň gaz pudagy täze sepgitlere çykýar: şu ýylyň ýedi aýynda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylan mukdary ýurdumyz boýunça 48,7 milliard kubmetre golaý boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde olar 9 milliard kubmetrden hem gowrak artdy. Tebigy gazyň 27 milliard kubmetre golaýy eksporta ugradyldy, bu görkeziji geçen ýylyň 7 aýyna garanyňda 7,3 milliard kubmetr köp boldy. Ösüş depgini 137 göterime deň boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.

Halkara analitiki kompaniýalaryň maglumatlaryna görä, tebigy gaza bolan isleg diňe Hytaý Halk Respublikasynda däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, «The Wall Street Journal» amerikan neşiri bu ýagdaýyň soňky ýylyň dowamynda kompaniýalaryň COVID-19 pandemiýasy zerarly gazyň çykarylyşyny azaltmagy hem-de ony entek dikeldip bilmänligi bilen şertlendirilendir diýip belleýär. Galyberse-de, gyşyň sowuk hem-de tomsuň yssy bolmagy elektroenergetikada gaza bolan islegiň artmagyna getirdi.

Selbi TIMUROWA,
«Nebit-gaz».