Mekdep bazarlary alyjylaryň hyzmatynda

13 Awgust 2021
904

Tomus paslynyň awgust aýynyň başlanmagy bilen mekdep okuwçylarynyň täze 2021 — 2022-nji okuw ýyly üçin okuw esbaplaryny taýýarlamak işlerine badalga berildi. Şonuň üçin-de ýurdumyzyň dürli söwda nokatlarynda guralýan göçme mekdep bazarlary okuwçylar üçin gerekli harytlaryň dürli görnüşleri bilen üpjün edilýär. Mekdep lybaslaryny we okuw esbaplaryny satyn almak, ylaýta-da, şu ýyl bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän, birinji synpa okuwa barýan çagalar üçin täsirli wakadyr. Olar ene-atalary bilen mekdep bazarlaryna uly höwes bilen barýarlar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenistan bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Ýaş nesli ýurdumyzyň geljegine deňeýän hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe olaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly we hemmetaraplaýyn sowatly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap mekdeplerde okuwçylaryň bilime bolan teşneligini gandyrmak, olarda öwrenmäge bolan islegleri artdyrmak, Watana, halkymyza we hormatly Prezidentimize bolan söýgini terbiýelemek ugrunda işler alnyp barylýar. Bu bilim ojaklarynyň döwrebap enjamlardyr kompýuter we lingafon otaglary bilen üpjün edilmegi okuwçylaryň sanly ulgam bilen bagly düşünjelerini çuňlaşdyrmaga hem-de olaryň tehnologiýalardan baş çykaryş ukybyny kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Ýörite habarçymyz.