Önüm öndürijilere goldaw

11 Awgust 2021
964

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hususy pudagy ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Şol işlere bank ulgamy hem mynasyp goşant goşýar. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem bu ugurda wajyp işleri amala aşyrmak bilen, müşderilerine edýän hyzmatlarynyň gerimini günsaýyn giňeldýär.

Dürli görnüşli hyzmatlar bilen bir hatarda bankymyz tarapyndan hödürlenilýän karzlar halkymyza uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle amatly bank hyzmatlarynyň biri hem önümçilik maksatly karzlardyr. Bu karz serişdeleri kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenilýär. Önümçilik maksatly karzlar önüm öndürijileri maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, ozal bar bolanlaryny has-da ösdürmekde we olaryň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Kakageldi BEKDURDYÝEW,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň Karzlary bermek we dolandyrmak bölüminiň müdiri.