Im­por­ty 1,5 es­se ýo­kar­lan­dy

12 Awgust 2021
997

ABŞ-da Rus­si­ýa­dan im­port 2021-nji ýy­lyň ýanwar-maý aýlarynda ge­çen ýy­lyň degişli döwri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 1,5 es­se ýo­kar­lan­dy. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň ilat ýa­zuw býu­ro­sy ha­bar ber­ýär. Bu gör­ke­zi­ji­niň 11,5 mil­liard dol­la­ra ýe­ten­di­gi bel­len­di. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan ne­bit, ne­bit önüm­le­ri­niň eks­por­ty 78 gö­te­rim ar­typ, 6,7 mil­liard dol­la­ra ýet­di.

Şeý­le-de bol­sa, bu mag­lu­mat­lar Rus­si­ýa­nyň Fe­de­ral güm­rük gul­lu­gy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na ga­bat gel­me­ýär. Bäş aýyň do­wa­myn­da gümrük gullugynyň ABŞ-a eks­port ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry pes bo­lup, 6,1 mil­liard dol­la­ra (ýyl­lyk 26 gö­te­rim) deň. Şeýle ýagdaýyň Federal gümrük gullugynyň diňe ABŞ-a göni iberilmegini göz öňünde tutýandygy, amerikan tarapynyň bolsa gelip çykyşy boýunça Russiýada öndürilen ähli harytlary nazara alýandygy üçin ýüze çykýar.