Türkmenistanda nebit känleriniň işjeňligini häsiýetlendirmek

9 Awgust 2021
933

Ýangyç-energetika toplumynda nebit we gaz esasy orny eýeleýär. Türkmenistan nebitiň we gazyň öndürilişinde dünýäde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki döwürde nebit we gaz känleriniň onlarçasyndan önümler alynýar. Olaryň işe ukyplylygy hem dürli-dürli bolup, geologik gurluşy babatda gaty çylşyrymly derejededir.

Köp ýataklaryň tektoniki näsazlyklary bilen gatlagyň köp bölege bölünmegi we her bölegiň öz geologik we energetiki taýdan tapawudynyň bolmagy olaryň çylşyrymlylyk derejesiniň ýokarydygyny açyp görkezýär. Bulardan başga-da, nebit we nebitgaz ýataklarynyň geologik we energetiki aýratynlyklarynda ulanyş desga girýän gatlaklardaky çäge däneleriniň özara jebisliginiň gowşak bolmagy çylşyrymly çözgütleri talap edýär. Şeýle-de geologik aýratynlyklarda nebitli we suwly gatlaklaryň biri-biriniň aralygynda ýerleşmegi we suwuň nebit gatlagyna gelmek howpunyň döremegi, özbaşdak gaz ýataklarynyň we nebitiň üstünde ýerleşen gaz gatlaklarynyň ýüze çykmagy çylşyrymlylyk çägini has-da ýokarlandyrýar. Ýüze çykýan ýagdaý, ylmyň gazananlaryndan ugur almak bilen, çylşyrymlylygy aradan aýyrmagy esasy mesele hökmünde orta çykarýar. Diňe bir ylmyň gazananlaryndan peýdalanmak arkaly degerli netijeler gazanylman, eýsem, ösen innowasion tehnologiýanyň bu ugra ornaşdyrylmagyny hem talap edýär.

Seýilbaý SOPYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.