Kämillige tarap ynamly gadamlar

26 Maý 2021
590

Türkmenistanyň Esasy Kanuny türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri kämilleşdirmegiň düzgünnamalaryny özünde jemleýän hukuk guraly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny aňladýar.

Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugrudyr. Şonuň üçin hem Konstitusiýamyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi dünýäniň kanunçylyk işinde bar bolan esasy hukuk düşünjelerini we pudaklaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýadyna öwrüldi. Esasy Kanunymyz döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny anyk kesgitledi. Halkara guramalaryň köpüsine agzalyga girmegi, daşary syýasatda parahatçylykly ýaşamak, güýç ulanmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgeleriniň pugta berjaý edilmegi onuň dünýädäki abraýyny has hem artdyrýar.

Berdimuhammet GAMMAROW,
Daşoguz şäheriniň prokuraturasynyň uly sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.