Soňky jaň (Oýlanma)

26 Maý 2021
1351

«Soňky jaň» bilen bagly ajaýyp ýatlamalar hemmäniň hem kalbynda müdimilik orun alandyr. «Soňky jaň» mekdebi tamamlaýan uçurymlar üçin ýatdan çykmajak çagalygy peşgeş beren ak mekdepde okuw ýylynyň ahyrky güni. Eýsem, mekdep derwezesinden çykyp, ulularyň hatarynda durmuşa gadam basmagymyzyň öňüsyrasyndaky sesleri çasly-çasly çykýan «Soňky jaň», gör, nämeleriň gutarýandygyny habar berýär?! Ahmal, häzirki sanajak zatlarym mekdep partasynda oturmak miýesser eden her bir adama tanyşdyr...

Mekdep barada ata-enelerimiziň aýdýan sözleri, heniz bir sapar hem görmedik ýeriň hakynda hyýalyňda täsin zatlaryň janlanmasy. «Ilkinji jaň» dabarasynda aýtmak üçin öwrenilýän şygyrlar. Çagalygyň özi ýaly sadaja, çaga ýüregi ýaly ullakan, gyzykly we düşnükli harplardyr suratlary özünde jemleýän «Harplyk» kitaby. Partadaşyň adyny soramak, ilkinji bezzatlyk, mugallymyň öwgüsidir käýemesi, «Parta çyzmaly däl...», «Sapaga gijä galma...». Kitap paýlamalar, sentýabrda berlen, heniz nätanyş kitabyň ahyryna çenli sözbaşylarydyr suratlary bilen tanşyp çykmak. Naharhananyň byzmygynyň ýakymly ysy. Her ýyl tomus mekdep lybaslarydyr esbaplaryny almak üçin mekdep bazarlaryna howlukmak. Täzeje kitaplaryňdyr depderleriň, surat albomlarynyň ýakymly ysy. Bahar gülleri bilen mugallymyňy begendirmek. «Heýjanelek, tomus!». Synpdaşlaryň bilen garlaşmak. «Näme üçin?» diýen soragyň müňlerçe jogaby. Durmuşa bolan höwes, okuwyň ahyrky günleri, uniwersitet hakynda süýji arzuwlar, talyplygyň höwesi, akja kepderiler, dolanyp bolmajak çagalyga çalymdaş synp otagyň, ýygy-ýygydan görşüp durjakdygyňy aýtsaň-da, ara uzak wagt düşürjek synpdaşlaryň, ak ýol arzuwlaýan ata-eneleriňe çalymdaş mugallymlar, synp ýolbaşçyň, yňyp barýan gözýaşlara siňen nämälim duýgular...

Tagangül SEÝITMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.