Zähmeti goramak — möhüm wezipe

6 Aprel 2021
965

Bäherden etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi» ady bilen usuly maslahatlar geçirilýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda işi döwrebap alyp barmak we özara tejribe alyşmak maksady bilen etrabyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanada, «Bäherden» sement zawodynda geçirilen usuly maslahatlar has-da täsirli boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan usuly maslahatlarda zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplara laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça gürrüň edildi. Usuly maslahatlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň wekilleri bilen özara sowal-jogaplar alşyldy, olara degerli maslahatlar berildi.

Parahat SETDAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň işgäri.