Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2 Mart 2021
1944

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.