Köňüllerde dessanym

15 Fewral 2021
1086

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň şöhraty, mertebesi dünýä dolýar. Watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň we tutuş adamzadyň abadan ösüşiniň we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, döretmek we gurmak babatdaky belent maksatlary, tutumly işleri eziz Diýarymyzy dünýäniň ykdysady we ruhy-medeni taýdan sazlaşykly we gülläp ösýän kuwwatly döwletleriniň birine öwürdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň beýik binasynyň öňünde ýaşyl baýdagy pasyrdap duran türkmen döwletiniň dünýä bileleşigindäki orny has-da ýokarlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüş ýoly parahatçylyk, asudalyk, ylalaşykly ýaşaýyş, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, her bir ýurduň halkynyň saýlap alan ýoluny ykrar etmek, döwletiň ähli mümkinçiliklerini halkymyzyň ýokary şertlerde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirmek ýaly belent maksatlara ýugrulandyr. Şol başlangyçlar diňe bir syýasy-hukuk jähetden döwletiň we jemgyýetimiziň ösüş mazmuny bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen durmuşynyň hakyky keşbine öwrülip, has belentliklere ýetmäge binýat bolup çykyş edýän milli ösüş ýolunyň many-mazmunydyr.

Dünýägözel ARTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.