Milli terbiýe mekdebi

24 Oktýabr 2021
1785

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen çagalaryň, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sagdyn ösmegi, ylym, hünär öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz hem çagalaryň sagdyn, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi ugrunda alada edipdirler. Sözleýiş, pikirleniş başarnyklaryny ösdürmek endikleri kemala getirmek üçin dürli çekişme oýunlaryny gurap, çagalary durmuşa ugrukdyrypdyrlar. Meselem, «Ýüzük-ýüzük» oýny toý-tomguda göwün açmak üçin oýnalypdyr. Bu oýun synçylygy artdyrmak bilen, her bir zada ünsli bolmagy, şähdaçyklygy, ruhubelentligi, ugurtapyjylygy terbiýeläpdir. Söze aýratyn gadyr goýýan halkymyz çagalara sanawaçdyr ýaňyltmaçlary öwredipdirler. Ýaňyltmaçlar sesleri, sözleri sazlaşykly we ýalňyşman aýtmagy talap edýär. «Birje çemçe şorja serçe çorbasy», «Şu gara ýeri tokmaklasaň hem tokmaklarsyň, tokmaklamasaň hem tokmaklarsyň», «Çalt-çalt gepleme, suw böwedin bekleme», «Akja gar-a, akja gar, gar tozgasy jüpje gar, gar tozgasy köp bolsa, suwdan doýar gara ýer» ýaly ýaňyltmaçlaryň çagalaryň dilini kämilleşdirmekde, käbir sesleri dogry aýdyp bilmeýän çagalaryň sözleýşini düzetmekde gymmaty has uludyr.

Gülnara BALTAÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 54-nji orta mekdebiniň mugallymy.