Möwsümleýin işler göwnejaý alnyp barylýar

22 Mart 2024
352

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

"Nesil".