Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi

22 Mart 2024
302

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişine girişmek we ekiş möwsümini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý meýdanlarynda topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek boýunça ähli zerur işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

«Watan».