Beýik işleriň rowaçlygy — ösüşleriň aýdyň beýany

24 Mart 2024
473

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu günki günde durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini nazarlaýar. Şunda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda halka hyzmat etmegiň möhüm guraly bolan kanunçylygyň ösdürilmegi, barha kämilleşdirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitusion hukuklary ygtybarly goralýar we şahsyýetiň durmuş ülňüleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär hem-de ilatyň durmuş goraglylygy kepillendirilýär.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.