Dünýä uzaýan dostluk ýollary

21 Mart 2024
411

Berkarar döwletimizde dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyga, birek-birege hormat goýmak Türkmenistan döwletimizde esasy ýörelgedir. Bilşimiz ýaly, Arkadagly eýýamymyzda Watanymyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabatdan dünýäniň çar künjegine ýollar çekildi. Bu ýollar häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilen görnüşi bolup, ol çar tarapa türkmen ilinden iberilen dost-doganlyk salamyny alyp gidýär. Türkmenistandan başlanýan ýollar dünýäniň halklaryny birleşdirýär.

Beýik Ýüpek ýoly ýurdumyzyň şäherleriniň we taryhy ýerleriniň tutuş geografiýasyny özünde jemleýär. Munuň şeýledigine dürli eýýamlardaky köp sanly ýadygärlikler, häzirki güne çenli saklanyp galan, özleriniň binagärlik aýratynlyklary bilen haýran galdyryjy binalar hem-de olar hakyndaky halk hakydasy şaýatlyk edýär.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.