Dogduk mekanym — Änewim

20 Mart 2024
561

Halkymyzyň her bir guwandyryjy hem-de tolgundyryjy pursatlary göwün bilen baglap, «Göwnüm galkyndy», «Göwnüm ganat baglady» diýmesi bar. Bu jümleler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her birimiziň zybanymyzyň senasyna öwrüldi. Neneň şeýle bolmasyn?! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine bolan sarpany, şu gününe bolan buýsanjy, geljegine bolan ynamy berkidýär. Şeýle şanly wakalaryň biri hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem bu ýylda gadymy Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegidir.

Hawa, bu ýylda birbada iki mukaddesligiň mertebelenmegi uly döwletliligiň nyşany. Onuň bir tarapynda ruhy mirasymyz, beýleki tarapynda bolsa taryhy-medeni gymmatlygymyz bar. Bu iki gymmatlyk goşa dide, goşa tar mysaly, biri-biriniň üstüni ýetirip, halkymyzyň baý ruhy, uzyn ömri, bagtly döwri bilen sazlaşýar. «Ata Watan, ene toprak» diýen düşünjeleriň many-mazmun çägini barha giňeldýär.

Gurbanjemal ANNAKOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.