Ählumumy rowaçlygyň bähbidine

19 Fewral 2024
907

Geçen ýylda tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň deň ýarysyna golaýy hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanyldy. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Akgaýa» jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan gurluşyk garyndy materiallaryny we gips kartonyny öndürýän kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Türkmenistan bu gün, sözüň doly manysynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli desgalaryňdyr ymaratlaryň, täze-täze önümçilik düzümleriniň gurluşyklarynyň ýokary depginde alnyp barylýan mekanyna öwrüldi. Bu kärhananyň hünärmenleri hem öz taýýarlaýan serişdeleriniň şol gurluşyklarda giňden ulanylýandygyna çäksiz buýsanýarlar.

Ýurdumyzda özleşdirilýän iri maýa goýum taslamalary, baý gorly uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri içerki zerurlyklara hem-de ählumumy rowaçlygyň bähbidine, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawody hem munuň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmekde alyp barýan uly işleriniň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan bu toplum raýatlaryň ýüzlerçesini täze iş orny bilen üpjün etmäge hem şert döretdi.

Ýazmyrat UMAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.