"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň maksady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, estrada aýdymçylaryň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň zehinlilerini seçip almaga ýardam bermekden, geljekde olaryň sungat äleminiň ussat ýyldyzlary bolup ýetişmeklerine şert döretmekden, şeýle hem türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşigi geçirmegiň tertibine, oňa gatnaşmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşik ýylyň dowamynda geçirilýär. Bäsleşige 17 — 35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.

Okuw-usulyýet maslahat geçirildi

Ýakynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň Balkan, Lebap, Mary, Daşoguz ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölümi boýunça ders berýän mugallymlar üçin «Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek sungat-pedagogik işgärleriniň mukaddes borjudyr» atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda mugallymlar bu ugurdan birek-birek bilen tejribe alyşdylar, talyplaryň öňünde görelde sapaklary geçdiler. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesilleriň ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin edýän aladalaryna köp sagbolsun aýtdylar.

Aşgabatly artistler Maryda

6-12-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri Mary şäherinde we welaýatyň Ýolöten, Türkmengala, Baýramaly, Wekilbazar, Murgap etraplarynda döredijilik saparda bolýarlar. Aşgabatly artistler öz taýýarlan «Gülki sowgady» atly degişmeli sahnalary bilen çykyş edýärler. Şeýle-de režissýor Baýram Seýdullaýewiň sahnalaşdyran, dramaturg Aşyr Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy» atly dramasyny görkezýärler.

Koreý sazlarynyň konserti

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti boldy. Bu çäre Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň dostlukly halklarynyň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, milli gymmatlyklar we däp-dessurlar bilen tanyşdyrmagy maksat edinýän ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Dabaranyň başynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleriň has-da üstünliklere beslenýändigini nygtady.

Aý­dym-saz fes­ti­wa­ly

«7/24. tm» № 46 (181) 06.11.2023 «Mu­ka­ma si­ňen ömür» fes­ti­wa­ly­nyň çäk­le­rin­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ry­nyň sah­na­syn­da ýaş­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. M.Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky TMK-nyň ýa­nyn­da­ky D.Öwe­zow adyn­da­ky Türk­men döw­let ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bi­niň hor, so­list­ler we halk saz gu­ral­la­ry or­kest­ri Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň mil­li ki­no­film­le­re ýa­zan meş­hur eser­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.

Dost-doganlyk şuglasy

31-nji oktýabr — 2-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we amaly-haşam sungatynyň sergisi, şeýle-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Syýahatçylyk islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň biri bolmak bilen, ýurdumyzda bu ugry ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. «Nusaý», «Dehistan», «Köneürgenç», «Daýahatyn», «Gadymy Merw» ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerimizi görmäge, şeýle-de eziz Watanymyzyň gözel künjeklerine gezelenç etmäge isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Gadymy döwürlerde türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary birikdiren Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi bolupdyr. Bu ýoluň ugrunda täze ykdysady gatnaşyklar giň gerim alýar. Şunda esasy ugurlar söwda, ulag we logistika, syýahatçylyk, medeniýet bilen baglanyşyklydyr.

Dostluk owazlary ýaňlandy

31-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konsert boldy. Onda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Halkara ähmiýetli bu medeni çäräniň esasy maksady Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmekden ybarat boldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşlerini wasp eden aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlaryna konserte gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler, olary şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.

Koreý şygryýeti

An Mun Ýon Seçeleýär nur

Medeni gatnaşyklaryň sarpasy

30-njy oktýabrda Daşkent şäherinde ýerleşýän «Özbegistan» halkara forumlar köşgünde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Binanyň eýwanynda Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Daşkent şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary sergide goýlan muzeý gymmatlyklary, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri bilen tanyşdylar. Bu dabarada türkmen we özbek halklarynyň baky parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginde döredijilik duşuşygy geçirildi. Çäre başlanmazdan öň Daşkent şäherinde ýerleşýän «Ýazyjylar seýilgähine» gezelenç hem-de Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň muzeýi bilen tanyşlyk guraldy.

Medeni habarlar

Sungat — halkyň köňül aýnasy 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy hoşowazly mukamlara beslenip geçirildi. Hytaý halkynyň medeni taryhyny, däp-dessurlaryny we gymmatlyklaryny açyp görkezýän aýdym-sazly çykyşlar sungatsöýer halkymyzyň ruhy dünýäsine özboluşly öwüşgin çaýdy.

Owaza öwrülen ömür

Saz — gözellik. Onuň baran ýerinde täze gülşenlik döredişi-de täsin. Ölmez-ýitmez döredijiligi bilen halkyna baky serpaý ýapyp giden Nury Halmämmedowyň sazlarynyň kalplara täsir edişi has-da üýtgeşik. Sazyň sesine sülleren ösümlikleriň janlanýandygy, ses gelýän tarapa ymtylýandygy barlaglaryň netijesinde subut edilipdir. «Sazda serhet ýok» diýilmesi-de, megerem, şonuň üçindir. Sebäbi saza düşünmek üçin ony döredeniň diline düşünmek hökman däl. Ýokardaky pikirler ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň sazlary bilen baglanyşyklylykda gaty kän gezekler serime dolupdy. Muňa-da her gezek daşary ýurtlularyň şol sazlaryň «içine girip», dünýäni unudyp oturyşyny görmegim sebäp bolupdy. Indi edil Bethoweniň, Şopeniň, Glinkanyň... sazlarynyň özümiňki saýyp diňleýşim ýaly, Nury Halmämmedowyň eserlerini-de daşary ýurtly biriniň iň bir söýgüli eserleriniň hatarynda ýüreginde saklap ýörmegi meniň üçin adaty bir ýagdaý. Durmuşyň, sungatyň, sazyň kanunalaýyklygy bu.

Halypadan tälim alan halypa

Gyzyltakyr obasynda her gün säher guşlaryň sesine ses goşup, gara gazmanyň şirin owazy ýaňlanýar. Ol goja sazanda, bagşy Uzakbaý Tuwakowyň şabram şelpeleriniň owazy. Uzakbaý aga togsanyň bir çetinden giren adam. Emma onuň gara gazma erk edişi jahyl ýigitleriňkiden kem däl. Ykbalyny aýdym-saza bagyş eden her bir adamyň halypa gol berşi ýaly, Uzakbaý aga-da ýaşlygyndan meşhur bagşy, türkmen aýdym-saz sungatynyň çowdur ýolunyň ussady Palta Garaýewiň gaşynda taplanyp, onuň ak patasyny alypdyr.

MÜMKINÇILIKLERIŇ ŞÄHERINDE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmekde, milli mirasymyzy, sungatymyzy içgin öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen medeniýet, sungat öýleriniň, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi, şeýle hem daşary döwletlerde Türkmenistanyň medeniýet günleriniň, ýurdumyzda daşary  döwletleriň medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr. Şular bilen bir hatarda, dürli medeni forumlaryň, festiwallaryň, daşary ýurtly meşhur sungat ussatlarynyň konsertleriniň, Medeniýet hepdelikleriniň hem-de olaryň çäklerinde halkara sungat sergileriniň guralmagy hem aýratyn bellärliklidir. Ýakynda Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny ýene bir ýola beýgeltdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň kinematograflaryny bir ýere jemlän, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen bu döredijilik forumy sebit hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup, medeni ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmakda möhüm ädimdir. Döwlet Baştutanymyzyň «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Kino sungaty — bu parahatçylygyň we dostlugyň köprüsidir. Kino sungat

ÝAŞLARYŇ ŞÄHERINDE V WENA BALY

Saz sungaty ynsanlaryň arasyndaky özara düşünişmek gatnaşyklaryny kemala getirmegiň, ýola goýmagyň köptaraply gurallarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda onuň ähmiýeti artyp, halklaryň ýakynlaşmagyna, ynanyşmak we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge goşant goşýar. Türkmençilikde «Sözüň gutaran ýerinde saz başlaýar» diýlen ajaýyp jümle bar.«Aýdym sazyň özi-de, şonuň bilen utgaşýan tanslarda deňsiz taýsyzdyr» diýip, sungaty öwrenijiler belleýärler. Hawa, deňi-taýy bolmadyk medeni waka bolup taryhyň gujagynda müdimilik galjak V Wena balynyň sahypasy ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde ýazyldy. Güýzüň altyn reňklerini ýadyňa salýan ýalpyldawuk eşikler, nusgawy sazlar, oktýabr şähdaçyklygy, bularyň bary – Wena balynyň özboluşlylygy, Awstriýanyň nusgawy parçalary. Baýramçylyk öwüşgini, ýörite lybasly tansçylar we wals sazlary Arkadag şäherinde geçirilen V Wena balynyň çäklerinde bu ýere ýygnananlary gadymy Wena şäherine syýahata alyp gitdi. Bu çäre iki sany dürli – türkmen we awstriýa medeniýetleriniň arasyndaky baglaýjy köpri bolup, olaryň aýratynlygyny we köp öwüşginliligini suratlandyrdy. Bu ajaýyp bitewülik iki ýurduň baý medeni mirasyny we halkara sazlaşygyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi. Şäheriň binagärlik sungatynyň we özüne çekiji güýz möwsüminiň ajaýyp keşbinde bala gatnaşyjylar nepislik, aýdym-saz we jebislik dünýäsine çümdi. Walsyň ajaýyp tans

«Bagtyň bolýan öýi»

Ýaňy-ýakynda şeýle at bilen Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň halk teatry tomaşaçylara täze erteki görkezdi. Teatryň baş ýolbaşçysy Myrat Gurbanýazowyň sahnalaşdyran ertekisinde ýaş nesliň arasynda milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilişi sahna dili bilen gürrüň berilýär. Ertekiniň baş gahrymanlary bolup etrap merkeziniň we onuň golaýynda ýerleşýän mekdepleriň okuwçylary O.Gurbanow, G.Gurbanow, B.Kakyşow dagy çykyş edýärler. Ýaşlygyndan sahnada sungata bolan söýgüsini görkezmegi başaran mekdep okuwçylarynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Halk dörediligine bagyşlandy

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň seýrek neşirler bölüminde «Hazynalar ummany» atly sergi öz işine başlady. Halk döredijiligine bagyşlanan sergide Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap we ýurdumyzyň belli alymlarynyň dürli ýyllarda okyjylara gowşan «Türkmen nakyllar we atalar sözi», «Akyl akabasy», «Hüwdüler — ömürleriň aýdymy», «Türkmen halk matallary, şorta sözleri», «Ýedigenim ýedi ýyldyz» ýaly kitaplary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Meşhur kompozitoryň hormatyna

Eger saz sungatyndan, onda-da türkmen saz sungatyndan söz açylsa, bada-bat gulagyňa meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň döreden sazlary eşidilen ýaly bolýar. Islendik kämil sungat eseri, ony döredeniň haýsy halkyň wekilidigine garamazdan, dünýäniň ýüregine ýol salmaga ukyply. Tapylgysyz zehiniň eýesi Nury Halmämmedowyň döreden simfoniýalarydyr saz eserleri hem bu gün şeýle kämil eserleriň hatarynda dünýä ýüzüne aýlanýar. Geçen hepde, has takygy, 27-28-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, şeýle-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat medebiniň döredijilik toparlarynyň konserti hem tutuşlygyna beýik saz ussadynyň eserlerine bagyşlandy. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çägindäki bu konsertde ussat kompozitoryň üflenip, kakylyp çalynýan, şeýle hem kirişli saz gurallary üçin ýazan nusgawy sazlary we olara döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi.

Bilimler çeşmesiniň boýunda

Kitaphanalar gyzykly wakalary, taryhy maglumatlary, gatbar-gat ylym basgançaklarynyň belentliklerini, täsin syýahatlary goýnunda jemleýän mukaddes ojakdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddes ojaklar täze belentliklere göterilmek bilen, okyjylar köpçüliginiň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işi barha kämilleşdirilip, okyjylara medeniýetli hyzmat etmegiň döwrebap usullary ýola goýulýar. Türkmenabat şäherindäki welaýat çagalar kitaphanasy hem şeýle medeni ojaklaryň biridir. Welaýat çagalar kitaphanasy 1960-njy ýylyň iýunyndan bäri öz okyjylaryna hyzmat edip gelýär. Bu ýere her gün çagalaryň onlarçasy gelip, özlerini gyzyklandyrýan çeper eserleri, ertekileri we beýleki dürli edebiýatlary okaýar. Kitaphananyň kitap hazynasy Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Galkynyş» kitap merkeziniň täze edebiýatlarynyň hasabyna yzygiderli baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda kitaphananyň 117,5 müňden gowrak kitap gory, müňe golaý okyjysy bar. Okyjylaryň aglabasy mekdep okuwçylary bolup, olar Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine aýratyn uly isleg bildirýärler. Şeýle bolansoň bu ýerde Milli Liderimiziň meşhur eserleriniň esasynda okyjylar maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, çeper okaýyşlar yzygiderli guralýar. Kitaphanada dünýä ç

Sungat owazlary

Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň aýdym-saz sungatyna we medeniýetine bagyşlanan konsert uly ruhubelentlige beslendi. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda geçirilen bu dabaraly konsertde ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň ençeme ýurtlary bilen ýola goýan dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary bu günki gün halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy hem giň gerimde, netijeli ösdürmäge ýardam berýär. Merkezi Aziýa ýurtlary we Koreýa Respublikasy bilen hem şeýle hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Şu gezekki konsert hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrülip, halklaryň arasyndaky dostluk köprüsini berkitmekde nobatdaky möhüm ädim bolup hyzmat etdi. Konsertiň maksatnamasynyň çäklerinde täsirli çykyşlaryň ençemesi guraldy. Ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlarda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň waspy, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylar sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryny uly şowhun, dowamly elçarpyşmalar bilen

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň oňyn netijelere eýe bolýandygyny Köýtendag etrabynyň gün-günden özgerýän syýasy-medeni durmuşynyň mysalynda hem görmek bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde etrapda döwrebap mekdepleriň üçüsi ulanylmaga berildi. Şeýle hem ýaşlary zähmete ugrukdyrmakda, olaryň döredijilik başlangyçlaryny önümçilige ornaşdyrmakda göwnejaý işler ýola goýulýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň işgärleri hem bu işleriň ilerlemegine ýakyndan ýardam berýärler. Ýaşlary zähmete, telekeçilik işlerine ugrukdyrmakda, olarda medeniýete, sungata söýgi döretmekde düzümine agzalaryň 28915-sini, ilkinji ýaşlar guramalarynyň 161-sini jemleýän guramanyň etrap geňeşi tarapyndan alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr. Biz gazetimiziň şu sahypasyny Köýtendag etrabynyň bagtyýar ýaşlarynyň işjeň durmuşyna bagyşladyk. Öz käriniň ussady