Sungat owazlary

1 Noýabr 2023
380

Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň aýdym-saz sungatyna we medeniýetine bagyşlanan konsert uly ruhubelentlige beslendi. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda geçirilen bu dabaraly konsertde ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň ençeme ýurtlary bilen ýola goýan dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary bu günki gün halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy hem giň gerimde, netijeli ösdürmäge ýardam berýär. Merkezi Aziýa ýurtlary we Koreýa Respublikasy bilen hem şeýle hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Şu gezekki konsert hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrülip, halklaryň arasyndaky dostluk köprüsini berkitmekde nobatdaky möhüm ädim bolup hyzmat etdi. Konsertiň maksatnamasynyň çäklerinde täsirli çykyşlaryň ençemesi guraldy. Ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlarda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň waspy, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylar sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryny uly şowhun, dowamly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.

Bägül ESENOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.