Owaza öwrülen ömür

2 Noýabr 2023
540

Saz — gözellik. Onuň baran ýerinde täze gülşenlik döredişi-de täsin. Ölmez-ýitmez döredijiligi bilen halkyna baky serpaý ýapyp giden Nury Halmämmedowyň sazlarynyň kalplara täsir edişi has-da üýtgeşik. Sazyň sesine sülleren ösümlikleriň janlanýandygy, ses gelýän tarapa ymtylýandygy barlaglaryň netijesinde subut edilipdir. «Sazda serhet ýok» diýilmesi-de, megerem, şonuň üçindir. Sebäbi saza düşünmek üçin ony döredeniň diline düşünmek hökman däl.

Ýokardaky pikirler ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň sazlary bilen baglanyşyklylykda gaty kän gezekler serime dolupdy. Muňa-da her gezek daşary ýurtlularyň şol sazlaryň «içine girip», dünýäni unudyp oturyşyny görmegim sebäp bolupdy. Indi edil Bethoweniň, Şopeniň, Glinkanyň... sazlarynyň özümiňki saýyp diňleýşim ýaly, Nury Halmämmedowyň eserlerini-de daşary ýurtly biriniň iň bir söýgüli eserleriniň hatarynda ýüreginde saklap ýörmegi meniň üçin adaty bir ýagdaý. Durmuşyň, sungatyň, sazyň kanunalaýyklygy bu.

Rozyjuma BÄŞIMOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.