Halk dörediligine bagyşlandy

2 Noýabr 2023
539

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň seýrek neşirler bölüminde «Hazynalar ummany» atly sergi öz işine başlady. Halk döredijiligine bagyşlanan sergide Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap we ýurdumyzyň belli alymlarynyň dürli ýyllarda okyjylara gowşan «Türkmen nakyllar we atalar sözi», «Akyl akabasy», «Hüwdüler — ömürleriň aýdymy», «Türkmen halk matallary, şorta sözleri», «Ýedigenim ýedi ýyldyz» ýaly kitaplary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Ogulnabat MYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň seýrek neşirler bölüminiň müdiri.