Koreý sazlarynyň konserti

6 Noýabr 2023
766

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti boldy. Bu çäre Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň dostlukly halklarynyň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, milli gymmatlyklar we däp-dessurlar bilen tanyşdyrmagy maksat edinýän ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Dabaranyň başynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleriň has-da üstünliklere beslenýändigini nygtady.

(Ýörite habarçymyz).