Medeni gatnaşyklaryň sarpasy

2 Noýabr 2023
593

30-njy oktýabrda Daşkent şäherinde ýerleşýän «Özbegistan» halkara forumlar köşgünde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Binanyň eýwanynda Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Daşkent şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary sergide goýlan muzeý gymmatlyklary, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri bilen tanyşdylar. Bu dabarada türkmen we özbek halklarynyň baky parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginde döredijilik duşuşygy geçirildi. Çäre başlanmazdan öň Daşkent şäherinde ýerleşýän «Ýazyjylar seýilgähine» gezelenç hem-de Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň muzeýi bilen tanyşlyk guraldy.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary.