ÝAŞLARYŇ ŞÄHERINDE V WENA BALY

2 Noýabr 2023
542

Saz sungaty ynsanlaryň arasyndaky özara düşünişmek gatnaşyklaryny kemala getirmegiň, ýola goýmagyň köptaraply gurallarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda onuň ähmiýeti artyp, halklaryň ýakynlaşmagyna, ynanyşmak we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge goşant goşýar. Türkmençilikde «Sözüň gutaran ýerinde saz başlaýar» diýlen ajaýyp jümle bar.«Aýdym sazyň özi-de, şonuň bilen utgaşýan tanslarda deňsiz taýsyzdyr» diýip, sungaty öwrenijiler belleýärler. Hawa, deňi-taýy bolmadyk medeni waka bolup taryhyň gujagynda müdimilik galjak V Wena balynyň sahypasy ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde ýazyldy. Güýzüň altyn reňklerini ýadyňa salýan ýalpyldawuk eşikler, nusgawy sazlar, oktýabr şähdaçyklygy, bularyň bary – Wena balynyň özboluşlylygy, Awstriýanyň nusgawy parçalary. Baýramçylyk öwüşgini, ýörite lybasly tansçylar we wals sazlary Arkadag şäherinde geçirilen V Wena balynyň çäklerinde bu ýere ýygnananlary gadymy Wena şäherine syýahata alyp gitdi. Bu çäre iki sany dürli – türkmen we awstriýa medeniýetleriniň arasyndaky baglaýjy köpri bolup, olaryň aýratynlygyny we köp öwüşginliligini suratlandyrdy. Bu ajaýyp bitewülik iki ýurduň baý medeni mirasyny we halkara sazlaşygyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi. Şäheriň binagärlik sungatynyň we özüne çekiji güýz möwsüminiň ajaýyp keşbinde bala gatnaşyjylar nepislik, aýdym-saz we jebislik dünýäsine çümdi. Walsyň ajaýyp tansy, Ştrausyň sazlary, şeýle-de türkmen awstriýa däpleriniň sazlaşykly bir bitewi birlik bolup garyşmagy Arkadag şäherindäki V Wena balyny medeni alyş-çalşyň we baýramçylygyň nyşanyna öwürdi. Aýdym-saz agşamy ýurdumyzyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Arkadag şäheri –bagtyň şäheri» atly aýdym bilen açyldy. Awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň «Polonez» sazy bolsa «Galkynyş» simfoniki orkestri we birleşen tans toparlary tarapyndan ýerine ýetirildi. Düzgün boýunça, Wena balynyň resmi taýdan açylyş dabarasy 25 sany tansçy jübütiň sahna çykmagyndan başlanýar. Oňa gatnaşyjylaryň lybaslary – erkek adamlaryň däbe öwrülen gara ak reňkli fraklary bala geýilýän köýnekler bilen utgaşyp, waka mahsus bolan aýratyn dabaraly ýagdaýy emele getirýär. Gülleriň ajaýyp çemeni onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu medeni waka diňe bir Wena balynyň gözelligini açmak bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň baý medeni mirasyny we durnukly ösüş ruhuny hem görkezdi. Balyň Wena däbini Arkadag şäherine getirmek bilen, ýurdumyzyň medeni durmuşynda täze bir sahypa açyldy. Ajaýyp oktýabr agşamynyň dowamynda «Arkadag» binasynyň» öňündäki meýdança ýygnanan halk köpçüligi Wolfgang Mosart, Iogann Ştraus, Lýudwig Minkus, Frans Legar, Weli Muhadow, Aman Agajykow, Daňatar Öwezow, Çary Nurymow ýaly meşhur awstriýa we türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden lezzet aldylar. Çünki, Wena balyndan ruhlanan her bir waka Iogann Ştrausyň we döwürdeşleriniň sazynda ýugrulandyr. Ştrausyň doglan gününiň oktýabr aýynda bellenilmeginiň özide güýzüň ajaýyplygyna özboluşlylyk çaýýar. Aýdym-saz baýramçylygynyň şatlygyny türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin ýurdumyza gelen zehinli aýdymçylar Regine Hangleriňdir Lewent Gündüziň, galyberse-de, Awstriýa Respublikasyndan tansçylar Dimitar Stefaniniň we Irina Grasseriň çykyşlary ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Döwlet tans toparynyň, «Serpaý», «Galkynyş», «Laçyn», «Näzli», «Aşgabat» döredijilik toparlarynyň, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň we ýörite sazçylyk mekdep internatynyň tans toparlarynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor toparynyň, Birleşen çagalar horunyň, «Mukam» ýaş skripkaçylar toparynyň, «Ruhubelent çagalar», «Şowhun», «Şatlyk», «Meňli», «Aýjan», «Gyzyl güljagaz» çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Arkadag şäherinde V Wena balyny geçirmek karary Türkmenistan üçin ägirt uly waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan bina bolan Arkadag şäheri medeni ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň täze döwrüni görkezýär. Ýaşlygyň şäherinde geçirilen V Wena balynda türkmenleriň däp-dessurlarynyň dünýä siwilizasiýasynda örän uly taryhy ähmiýete eýe bolandygy ýene bir ýola äşgär duýuldy. Mundan başga-da, bu medeni çäre beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky medeni diplomatiýany has-da ösdürmek üçin esas bolup hyzmat eder. Bu ajaýyp dabara bagşydyr sazandalaryň, suratkeşleriň, tansçylaryň, umuman, medeniýet işgärleriniň ýakynlaşmagyna, diplomatik gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam berer diýip ynanýarys.

ArkadaglyÝaşlar