MÜMKINÇILIKLERIŇ ŞÄHERINDE

2 Noýabr 2023
619

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmekde, milli mirasymyzy, sungatymyzy içgin öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen medeniýet, sungat öýleriniň, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi, şeýle hem daşary döwletlerde Türkmenistanyň medeniýet günleriniň, ýurdumyzda daşary  döwletleriň medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr. Şular bilen bir hatarda, dürli medeni forumlaryň, festiwallaryň, daşary ýurtly meşhur sungat ussatlarynyň konsertleriniň, Medeniýet hepdelikleriniň hem-de olaryň çäklerinde halkara sungat sergileriniň guralmagy hem aýratyn bellärliklidir. Ýakynda Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny ýene bir ýola beýgeltdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň kinematograflaryny bir ýere jemlän, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen bu döredijilik forumy sebit hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup, medeni ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmakda möhüm ädimdir.

Döwlet Baştutanymyzyň «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Kino sungaty — bu parahatçylygyň we dostlugyň köprüsidir. Kino sungatynyň döwrebap ösüşleri ähli halklary parahatçylyga çagyrýar, agzybirligi, jebisligi kemala getirýär. Sungatyň güýji ýürekleri birleşdirýän gudrata öwrülýär» diýlip bellenilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bu iri halkara çäre dostlaryň, kärdeşleriň, hoşniýetli goňşularyň we doganlyk halklaryň döredijilik duşuşyklarynyň täze gözleglerdir taslamalara badalga berýändigini alamatlandyrýar.

Serdar GURBANMUHAMMEDOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni