Meşhur kompozitoryň hormatyna

2 Noýabr 2023
392

Eger saz sungatyndan, onda-da türkmen saz sungatyndan söz açylsa, bada-bat gulagyňa meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň döreden sazlary eşidilen ýaly bolýar.

Islendik kämil sungat eseri, ony döredeniň haýsy halkyň wekilidigine garamazdan, dünýäniň ýüregine ýol salmaga ukyply. Tapylgysyz zehiniň eýesi Nury Halmämmedowyň döreden simfoniýalarydyr saz eserleri hem bu gün şeýle kämil eserleriň hatarynda dünýä ýüzüne aýlanýar. Geçen hepde, has takygy, 27-28-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, şeýle-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat medebiniň döredijilik toparlarynyň konserti hem tutuşlygyna beýik saz ussadynyň eserlerine bagyşlandy. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň çägindäki bu konsertde ussat kompozitoryň üflenip, kakylyp çalynýan, şeýle hem kirişli saz gurallary üçin ýazan nusgawy sazlary we olara döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi.

Aýgül GARAÝEWA.
«Arkadag». Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.