"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şaý-sepe öwrülen manatlyklar

Türkmen taryhy, medeniýeti örän baýlygy hem özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň kökleri milletimiziň uzak geçmişiniň şöhratly sahypalaryna siňip gidipdir. Şol sahypalaryň her birinde gadymy hem müdimi milletimiziň ruhy dünýäsi öz aýdyňlygy bilen açylýar. Türkmenlerde milli däp-dessurlar esasynda tutulýan özboluşly toýlar bar. Şeýle toýlaryň naýbaşysy hem gelin toýudyr. Toý güni durmuşa çykýan gyzyň egnine apbasy dakylan gyzyl keteni köýnek, onuň üstünden çapraz-çaňňaly çabyt geýdirilýär. Iki ýa-da dört örülen saçy öňüne atylyp, başyna gupbaly tahýa geýdirilýär we alnyna päklik nyşany hökmünde gyzyl ýaglyk, onuň üstünden bolsa alyn-bagtynyň açyk bolmagy arzuw edilip, ak ýaglyk daňylýar we başyna gyzyl kürte atylýar.

Dost-doganlygyň köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde dünýä halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar has-da pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny netijeli ösdürýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Biziň ýurdumyz bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu gün iki ýurduň arasynda alnyp barylýan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklar doganlyk-dostluk ýörelgelerine esaslanyp, üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklara esaslanýandygyny aýratyn bellemeli. Şol mirasyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm çeşme bolup durýandygy bellenmäge mynasypdyr. Umumy däp-dessurlary meňzeş bolan iki halkyň birek-birege goýýan sarpasy belentdir. Ankaranyň iň gözel ýerinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähi halklary birek-birege ýakynlaşdyrýar. Bu seýilgähde türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dostlukdan alamatd

«Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty» at­ly IV hal­ka­ra fes­ti­waly

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 2023-nji ýy­lyň 14-nji no­ýab­ryn­da «Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty» at­ly IV hal­ka­ra fes­ti­wal baş­lan­dy. Oňa gat­naş­mak üçin Azer­baý­ja­nyň döw­let saz­ly-dra­ma te­at­ry­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň dra­ma te­at­ry­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň saz­ly-dra­ma te­at­ry­nyň, Ta­ta­rys­ta­nyň döw­let aka­de­mi­ki te­at­ry­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň döw­let ýaş­lar te­at­ry­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň saz­ly-dra­ma te­at­ry­nyň hem-de Tür­ki­ýä­niň «Ga­ra­gez we Ha­ji­wat» kö­le­ge­li te­at­ry­nyň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry Aş­ga­ba­da gel­di­ler.

Medeniýet — dünýä halklarynyň dostluk köprüsi

14 — 16-njy noýabrda paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini bir ýere jemledi. Olar meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlary hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenler we teatry öwrenijilerdir.

Hoş gal, festiwal!

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Medeni foruma gatnaşyjylaryň ýörite diplomlar we festiwalyň kubogy bilen sylaglanmagy sahna ussatlarynyň we bu ýere ýygnanan tomaşaçylaryň ýadynda uzak wagtlap galsa gerek. Ussat aýdymçylarymyzyň «Hoş gal, festiwal!» atly ajaýyp dostluk aýdymyny ýerine ýetirmegi bu dabara üýtgeşik öwüşgin çaýdy. Sahna ussady Şemşat Kasymowanyň ýerine ýetirmegindäki artistiň öz kärine bolan buýsanjy, çäksiz söýgüsi, täsin ykbaly baradaky çeper okaýyş bolsa tolgundyryjy pursatlara beslenip, bu ýere gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Dostluk we ýürekdeşlik ruhy

halkara teatr festiwalyny baý many-mazmuna besledi Düýn ýurdumyzda uly ruhubelentlige beslenen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal öz işini tamamlady. Üç gün dowam eden döredijilik gözden geçirilişinde teatr toparlary paýtagtymyzdaky we Arkadag şäherindäki tomaşa jaýlarynda dürli žanrlardaky sahna eserleriniň üsti bilen aktýorlyk, režissýorlyk ussatlyklaryny görkezdiler. Nobatdaky forum dostlukly halklaryň ruhy aragatnaşygyny ösdürmekde, dünýäde parahatçylygy goldamakda, ýurtlaryň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem-de sungat ussatlarynyň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmekde, häzirki zaman teatr sungatyny has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Janly sungatyň baýramy

Sungat — halklary jebisleşdiriji, doganlaşdyryjy ruhy dünýä. Türkmenistan döwletimiz bolsa şol ruhy dünýäniň ajaýyp merkezi. «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň ata Watanymyzda geçirilmegi we oňa birnäçe döwletleriň teatr ussatlarynyň gatnaşmagy Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwletdigine şaýatlyk edýär. Festiwala ýurdumyzyň Arkadag şäheriniň we paýtagtymyzyň döwlet teatrlary öz sahna eserleri bilen gatnaşdy. Biz hem halypa sahna ussady, kinorežissýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýew bilen festiwalyň täsirleri, sungatyň täsinligi dogrusynda söhbetdeş bolduk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi: — Ýurdumyz halkara forumlaryň, festiwallaryň geçirilýän ojagyna öwrüldi. Biz bu gün «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynda doganlyk halklarymyzyň sahna ussatlary bilen tanyşdyk, didarlaşdyk, pikir alyşdyk, geçen süýji günleri ýatlaşdyk.

Dostlar bilen saz-söhbetler

Diňe bir Ýewropada däl, dünýäde meşhur ussatlary ýakyndan diňlemegiň täsiri sazyň täsin dünýäsine ykbalyny baglan ynsanlar üçin has üýtgeşik. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen konsert babatda-da hut şeýle sözleri aýdyp bolar. Bu ýerde Bethowen, Sen-Sans, Nury Halmämmedow ýaly ussatlaryň eserlerini Ýewropanyň meşhur aýdym-saz ussatlarynyň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde ýerine ýetirmegi dostluk owazy bolup ýaňlandy. Fransiýaly kompozitor Pýer Tilluanyň täze döreden «Asmanyň we deňziň pyşyrdylary» atly eseriniň ilkinji gezek türkmen sahnasynda ýaňlanmagy ýewropaly ussatlaryň ýurdumyzyň saz muşdaklaryna eden ajaýyp serpaýy boldy. Germaniýaly aýdymçy Neýma Fişeriň fransuz kompozitorynyň nemes şahyrynyň şygryna döreden sazyny türkmen sungat ussatlarynyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirmegi bolsa owazdan baglanan dostluk çemeni boldy.

Sergide oba durmuşy

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zehinli nakgaş Amanmyrat Modyýewiň döredijilik sergisi açyldy. Şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça milli öwüşginli eserleri döredýän nakgaşyň döredijilik sergisinde onuň oba durmuşyna bagyşlan «Gawun kaky», «Günebakar», «Derek boýlular», «Säher», «Garpyzlar» ýaly işleri görkezilýär.

«Ýaşlar» kinofilmi

Golaýda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan režissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň ýazyjy Öre Daşgynowyň ýazan edebi esasy boýunça surata düşüren «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Filmde degişmeli görnüşleriň üsti bilen ýaşlaryň durmuş ýollarynda garaşylmadyk wakalary, şeýle-de gahrymanlaryň keşplerinde sadalyk, ygrarlylyk ýaly häsiýetler suratlandyrylýar. Bu filmiň baş gahrymanlarynyň biri Wepanyň keşbini Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň ýaş artisti Serdar Artykow, Keýigiň keşbini bolsa Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýaş artisti Ogulşat Jumaýewa ýerine ýetirýärler.

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Suratda: milli aýdym-saz sungatymyzyň goja bagbany Mylly Täçmyradowyň ady dakylan çowlugy, Türkmenistanyň halk artisti Annaseýit Annamyradow maşgalasy Nurbike we gyzy Söýli bilen (1989 ý.).

Halkara teatr baýramçylygy

Ýakynda paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty»  atly IV halkara festiwaly geçirildi. Bu ajaýyp  baýram Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini, ýagny  meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlaryny hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenleridir teatry öwrenijileri özara birleşdirdi. Festiwalyň açylyş dabarasy  Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki özboluşly milli lybaslaryň göllerinde şöhle saçýan meýdançada dabaraly baýramçylyk ýörişi bilen başlandy. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň öňündäki meýdançada özboluşly bezelen sahnada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik topary özleriniň taýýarlan edebi-çeper çykyşlarynda Magtymguly Pyragy, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň, milli we dünýä dramaturgiýasynyň nusgalyk gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrmak arkaly myhmanlary garşyladylar.

Türkmen halk nakyllary ýaşlary terbiýelemegiň milli mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň terbiýesine, olaryň ylym-bilimli bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Häzirki eşretli eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň sagdyn, kämil, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaş nesillere berilýän bilim milli ýörelgelerden ugur alyp, döwrüň iň täze ugurlaryny, usulyýetini hem gurşap alýar. Türkmen halkynyň gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan milli medeniýeti, asylly ýörelgesi bar. Özi hem şeýle ýörelgeleriň milli terbiýede hem şöhlelenmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle asylly ýörelgeleri çuňňur öwrenmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary ýakyn gollanma bolýar. Bu ajaýyp kitaplarda taryhy maglumatlar bilen bir hatarda türkmen halkynyň döreden rowaýatlary, akyldarlarymyz hakyndaky gymmatly çeşmeler aýdyň beýan edilýär. Munuň özi hem biziň üçin uly hazynadyr, ylym-bilimiň egsilmez çeşmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynda hem edep-terbiýäniň ähmiýeti beýan edilýär: “Watana, il-güne wepaly perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekde atalaryň pendi her bir döwrüň durmuş we terbiýeçilik ulgamyna ornaşýar. Şonuň üçinem olar biziň üçin hemişe edil şu wagtyň özünde aýdylan ýalydyr”.

Sahna ussatlary jemlenende...

Düýn «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwalynyň ikinji güni köpöwüşginli çäreleri bilen ýokary ruhubelentlige beslendi. Olara ýurdumyzyň teatr ussatlary bilen bir hatarda, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Russiýadan, Özbegistandan, Türkiýeden gelen döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Şu gün öz işini tamamlaýan giň wekilçilikli döredijilik forumy medeni-ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. Biz hem festiwala gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik. Bakytbek AKMATOW,Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň Appaz Žaýnakow adyndaky sazly drama teatrynyň direktory:

«Dost-doganlyk mukamydyr sungatlaryň gönezligi»

Öňňin öz işine başlan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmek babatda medeni diplomatiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu halkara festiwalyň ilkinji gününiň Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Köňüller kelamy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi bilen başlanylmagy aýratyn ähmiýetlidir. Sahnalaşdyrylan bu oýunda Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleri açylyp görkezilýär.

Sungatyň gudratly güýji

Ajaýyp zamanamyzda dünýä ýurtlary bilen medeni gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Bu gatnaşyklar dostluk köprüsini has-da berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň: “Halk senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň dürdäne nusgalary häzirki wagtda parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň nyşany bolup, älem- -jahana ýalkym saçýar” diýip belläp geçmegi hem şu hakykatdan ugur alýar. Ýakynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri munuň subutnamasydyr. Onuň dowamynda türkmen-özbek dostlugyny alamatlandyrýan, medeni gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýän çäreleriň ençemesi geçirildi. Bu medeni çärä biz hem amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan topar bolup gatnaşdyk. Bu ýerde guralan sergide toparymyzyň her bir agzasy milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny görkezdi. Asyrlar aşyp gelýän milli el işlerimiziň doganlyk halkyň wekillerinde uly täsir galdyrandygyny bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, Buhara şäherinde Türkmen halysynyň muzeýiniň hem-de haly dokalýan önümhananyň açylyş dabarasy boldy. Muzeýe ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungatyna degişli gurallar, köp öwüşginli haly we haly önümleri özboluşly bezeg berýär. Onda türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrýan çeşmelere hem giň orun berlipdir.  Haly dokalýan önümhanada dokalyp oturylan halylaryň biriniň başyna g

Pyragynyň eserleri — halk kalbynyň owazy

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary taryha siňen asyrlarda öz yzyny goýup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nuruny bolluk bilen eçilýär. Hut şonuň üçinem dana söz ussadyna asyrlaryň hem nesilleriň şahyry diýilýär. Oňa bütin dünýäde hormat-sarpa goýulmagy şahyryň pähim-paýhasa, parasatlylyga ýugrulan şygyrlarynyň ýüreklere barýanlygyndadyr, adamlara ylham berýänligindedir hem-de çuňňur many goýazylygyndadyr. Bu gün akyldaryň nakyla öwrülip giden goşgy setirlerini dünýä halklary öz ene dillerinde okap, onuň şahyrana dünýäsine, eserleriniň many-mazmunyna haýran galýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr». Türkmen halkynyň görnükli şahyrynyň baý edebi mirasy dünýä medeniýetiniň hazynasynda mynasyp orun eýeleýär.  Pyragy şygyrlary bilen ynsan kalbyna nagyş çeken akyldardyr. Onuň eserlerinden durmuşyň ähli soraglaryna jogap tapmak bolýar. Bu şahyryň goşgularynyň durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alyp, ýamany ýazgaryp, ýagşyny ýaýýandygy, maşgalany, Watany mukaddes saýýandygy bilen baglanyşyklydyr. Onuň döredijiligi ýaş nesli terbiýelemekde nusgalyk mekdep b

Ruhy çyragymyz

Häzirki günlerde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň çar künjeginde giň gerimde ýaýbaňlanýar. Biz hem öz okaýan mekdebimizde bu sene mynasybetli ençeme çäreleri geçirýäris. Dana şahyrymyza bagyşlap «Magtymguly — ruhy çyragymyz» ady bilen diwarlyklary, albomlary döretdik. Olarda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine degişli täsirli maglumatlar öz beýanyny tapýar. Şahyryň goşgularyny labyzly okamak boýunça bäsleşikleri hem guradyk. Ol bäsleşikler ýaş nesillerimiziň Magtymguly atamyzyň ajaýyp goşgularyny ýol-ýörelge edinýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň taryhynda yz goýan beýik şahsyýetleri sarpalamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Sahna ussatlary Türkmenistanda

14-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara festiwala Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň teatrlarynyň meşhur artistleri gatnaşdylar. Biz hem Halkara festiwalyň dowam edýän günlerinde oňa gatnaşýan myhmanlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Teatryň täze gadamlary

Şu günler paýtagtymyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly uly ruhubelentlige beslenýär. Milli teatr sungatyny ösdürmek we onuň dünýä giňişligindäki abraýyny artdyrmak maksady bilen geçirilýän festiwala Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşyp, tomaşaçylara öz sahna eserlerini hödürlediler. Teatr adamzat medeniýetiniň esasy gymmatlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykardy.