Dostlar bilen saz-söhbetler

16 Noýabr 2023
607

Diňe bir Ýewropada däl, dünýäde meşhur ussatlary ýakyndan diňlemegiň täsiri sazyň täsin dünýäsine ykbalyny baglan ynsanlar üçin has üýtgeşik. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen konsert babatda-da hut şeýle sözleri aýdyp bolar. Bu ýerde Bethowen, Sen-Sans, Nury Halmämmedow ýaly ussatlaryň eserlerini Ýewropanyň meşhur aýdym-saz ussatlarynyň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde ýerine ýetirmegi dostluk owazy bolup ýaňlandy.

Fransiýaly kompozitor Pýer Tilluanyň täze döreden «Asmanyň we deňziň pyşyrdylary» atly eseriniň ilkinji gezek türkmen sahnasynda ýaňlanmagy ýewropaly ussatlaryň ýurdumyzyň saz muşdaklaryna eden ajaýyp serpaýy boldy. Germaniýaly aýdymçy Neýma Fişeriň fransuz kompozitorynyň nemes şahyrynyň şygryna döreden sazyny türkmen sungat ussatlarynyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirmegi bolsa owazdan baglanan dostluk çemeni boldy.

Göwher AGAGELDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň talyby.