Şaý-sepe öwrülen manatlyklar

19 Noýabr 2023
542

Türkmen taryhy, medeniýeti örän baýlygy hem özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň kökleri milletimiziň uzak geçmişiniň şöhratly sahypalaryna siňip gidipdir. Şol sahypalaryň her birinde gadymy hem müdimi milletimiziň ruhy dünýäsi öz aýdyňlygy bilen açylýar.

Türkmenlerde milli däp-dessurlar esasynda tutulýan özboluşly toýlar bar. Şeýle toýlaryň naýbaşysy hem gelin toýudyr. Toý güni durmuşa çykýan gyzyň egnine apbasy dakylan gyzyl keteni köýnek, onuň üstünden çapraz-çaňňaly çabyt geýdirilýär. Iki ýa-da dört örülen saçy öňüne atylyp, başyna gupbaly tahýa geýdirilýär we alnyna päklik nyşany hökmünde gyzyl ýaglyk, onuň üstünden bolsa alyn-bagtynyň açyk bolmagy arzuw edilip, ak ýaglyk daňylýar we başyna gyzyl kürte atylýar.

Gülle Baýgeldiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň kiçi ylmy işgäri.