Dost-doganlygyň köprüsi

19 Noýabr 2023
736

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde dünýä halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar has-da pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny netijeli ösdürýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Biziň ýurdumyz bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu gün iki ýurduň arasynda alnyp barylýan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklar doganlyk-dostluk ýörelgelerine esaslanyp, üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklara esaslanýandygyny aýratyn bellemeli. Şol mirasyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm çeşme bolup durýandygy bellenmäge mynasypdyr. Umumy däp-dessurlary meňzeş bolan iki halkyň birek-birege goýýan sarpasy belentdir. Ankaranyň iň gözel ýerinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähi halklary birek-birege ýakynlaşdyrýar. Bu seýilgähde türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dostlukdan alamatdyr. Bu gün iki dostlukly ýurduň halklaryny kökleri bir bolan dil, umumy däp-dessurlary meňzeş bolan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu hakykaty biz ýurdumyzda üç günläp dowam edýän Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň mysalyndan hem has aýdyň göz ýetirýäris.

«Mugallymlar gazeti».