Sungatyň gudratly güýji

15 Noýabr 2023
574

Ajaýyp zamanamyzda dünýä ýurtlary bilen medeni gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Bu gatnaşyklar dostluk köprüsini has-da berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň: “Halk senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň dürdäne nusgalary häzirki wagtda parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň nyşany bolup, älem- -jahana ýalkym saçýar” diýip belläp geçmegi hem şu hakykatdan ugur alýar. Ýakynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri munuň subutnamasydyr. Onuň dowamynda türkmen-özbek dostlugyny alamatlandyrýan, medeni gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýän çäreleriň ençemesi geçirildi. Bu medeni çärä biz hem amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan topar bolup gatnaşdyk. Bu ýerde guralan sergide toparymyzyň her bir agzasy milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny görkezdi. Asyrlar aşyp gelýän milli el işlerimiziň doganlyk halkyň wekillerinde uly täsir galdyrandygyny bellemek gerek.

Bilşimiz ýaly, Buhara şäherinde Türkmen halysynyň muzeýiniň hem-de haly dokalýan önümhananyň açylyş dabarasy boldy. Muzeýe ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungatyna degişli gurallar, köp öwüşginli haly we haly önümleri özboluşly bezeg berýär. Onda türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrýan çeşmelere hem giň orun berlipdir.  Haly dokalýan önümhanada dokalyp oturylan halylaryň biriniň başyna geçip, çitim çitmek, darak kakmak maňa-da miýesser etdi.

Täzegül Ödäýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň uly mugallymy.