Ruhy çyragymyz

15 Noýabr 2023
679

Häzirki günlerde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň çar künjeginde giň gerimde ýaýbaňlanýar. Biz hem öz okaýan mekdebimizde bu sene mynasybetli ençeme çäreleri geçirýäris. Dana şahyrymyza bagyşlap «Magtymguly — ruhy çyragymyz» ady bilen diwarlyklary, albomlary döretdik. Olarda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine degişli täsirli maglumatlar öz beýanyny tapýar. Şahyryň goşgularyny labyzly okamak boýunça bäsleşikleri hem guradyk. Ol bäsleşikler ýaş nesillerimiziň Magtymguly atamyzyň ajaýyp goşgularyny ýol-ýörelge edinýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň taryhynda yz goýan beýik şahsyýetleri sarpalamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Tumargül Tagandurdyýewa,
Esenguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.