Türkmen halk nakyllary ýaşlary terbiýelemegiň milli mekdebi

16 Noýabr 2023
498

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň terbiýesine, olaryň ylym-bilimli bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Häzirki eşretli eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň sagdyn, kämil, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaş nesillere berilýän bilim milli ýörelgelerden ugur alyp, döwrüň iň täze ugurlaryny, usulyýetini hem gurşap alýar.

Türkmen halkynyň gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan milli medeniýeti, asylly ýörelgesi bar. Özi hem şeýle ýörelgeleriň milli terbiýede hem şöhlelenmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle asylly ýörelgeleri çuňňur öwrenmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary ýakyn gollanma bolýar. Bu ajaýyp kitaplarda taryhy maglumatlar bilen bir hatarda türkmen halkynyň döreden rowaýatlary, akyldarlarymyz hakyndaky gymmatly çeşmeler aýdyň beýan edilýär. Munuň özi hem biziň üçin uly hazynadyr, ylym-bilimiň egsilmez çeşmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynda hem edep-terbiýäniň ähmiýeti beýan edilýär: “Watana, il-güne wepaly perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekde atalaryň pendi her bir döwrüň durmuş we terbiýeçilik ulgamyna ornaşýar. Şonuň üçinem olar biziň üçin hemişe edil şu wagtyň özünde aýdylan ýalydyr”.