Teatryň täze gadamlary

15 Noýabr 2023
587

Şu günler paýtagtymyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly uly ruhubelentlige beslenýär. Milli teatr sungatyny ösdürmek we onuň dünýä giňişligindäki abraýyny artdyrmak maksady bilen geçirilýän festiwala Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşyp, tomaşaçylara öz sahna eserlerini hödürlediler.

Teatr adamzat medeniýetiniň esasy gymmatlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykardy.

Mahym ROZYÝEWA,
ýörite habarçymyz.