"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmeniň naýbaşy toýy

Dünýä halklarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň özboluşlylygy ýaly, türkmen halkynyň toý tutuşynyň, milli däp-dessurlary berjaý edişiniň hem özboluşly aýratynlyklary bar. Halkymyz gadymy däp-dessurlara, milli ýörelgelere örän baýdyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň milli medeni-mirasy täzeden dikeldilýär, çuňňur öwrenilýär hem-de ösen döwrümize laýyk dowam etdirilýär. Türkmeniň milli aýratynlyklary şeýle baý mazmunly mirasynda jemlenendir. Halkymyzyň ahlak päkligi, sabyr-kanagaty, giň dünýägaraýşy, zehin-başarnygy milli duýgularymyzyň many-mazmunyny düzýär. Toýy üçin hiç zadyny gaýgyrmaýan, oňa tutumly taýýarlyk görýän, şadyýanlykda geçirýän milletimiziň dabarasy göreni haýran edipdir. Ir zamanlarda öýlenmekçi bolýan ýigide sähra tarapa ýaý atdyrypdyrlar. Onuň peýkamynyň düşen ýerinde ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, toý däpleri döwre görä baýlaşyp, onuň üsti ýetirilipdir. Däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýlary her etrapda öz aýratynlygy we üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutulýan toýlar dünýäni haýrana goýýar.

Milli däp-dessurlarymyz — buýsanjymyz

Türkmen halkynyň baý edebi mirasy köküni irki döwürlerden alyp gaýdýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň-derejede ösýän edep-terbiýedir däp-dessurlarymyz hem kämilleşip, arkama-arka dowam edýän milli gymmatlyga öwrülýär. Ata-babalarymyz ýaş nesillere şeýle asylly ýörelgeleri miras galdyrypdyrlar. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik bilen bir hatarda, milli mirasa sarpa goýmak, edim-gylymlarymyzy dowam etdirmek ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak hem döwrümiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle ajaýyp, şatlykly günlerimizde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyz has-da döwrebaplaşdyrylýar, täze öwüşgine eýe bolýar. Şeýle asylly däp-dessurlarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda dürlüçe dowam etdirilýär.

Baýramçylyk konserti geçirildi

Ýakynda ýetip gelýän Bitaraplyk baýramy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda tanymal kompozitor Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Geçirilen konsertde uly şowhun bilen ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Konsertde talyplar toparyndan düzülen orkestrler we aýratynlykda çykyş eden talyp ýaşlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Talyplar Azat Bazarowyň, Dünýägözel Begaliýewanyň, Mansur Şaripowyň ýerine ýetiren aýdymlary baýramçylyk konsertiň şowhunyny artdyrdy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallar ansamblynyň ýerine ýetiren türkmen halk aýdym sazlary ýaşlarda halypa şägirtlik ýolunyň dowam etdirilýändigini görkezdi.

Çaga terbiýesinde milli ruhy-ahlak ýörelgeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär. Okamak, bilim almak - bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen setirlerini okanymyzda hem geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem ata-babalarymyzdan gelýän ýoly dowam etmek, olara sarpa goýmak barada yzygiderli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesile bilim bermekde, milli ýörelgelere laýyk terbiýe bermekde, aň we beden taýdan sagdyn ösdürmekde bilim edaralarynyň ýokary ähmiýeti bar. Bu ýerde okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä edep-terbiýe ulgamy sazlaşykly alnyp barylýar. Okuw-usulyýet işleriniň göwnejaý guralmagy, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giň gerimde peýdalanylmagy netijesinde ýaş nesilleriň kämil ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri

Suratkeşleriň halkara sergisi

17-25-nji noýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Szýuan welaýatynyň merkezinde «Hytaý we Merkezi Aziýa» atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisi guraldy. Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň belli nakgaşlary bilen bir hatarda bu medeni çärä biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew gatnaşdy. Halypa nakgaş özüniň «Rodoguna», «Tumar şa», «Gumly gelin», «Kejebe», «Üç elti» ýaly eserleri bilen bu ýere gelenleri tanyşdyrdy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşan dostlukly ýurtlaryň nakgaşlary ussatlyk sapaklaryny geçdiler, birek-birekden tejribe alyşdylar we täze eser döretdiler. I.Işangulyýew ahalteke bedewimize bagyşlap çeken «Şasöýen» atly eserini sergini gurnaýjylara sowgat berdi. Sergä gatnaşanlara gurnaýjylar tarapyndan diplom gowşuryldy.

Döwürleriň dessany

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Reňkler döwürleriň dessany» atly sergi guraldy. Sergi muzeýiň gaznasynda saklanylýan, XX asyryň 30-njy ýyllarynda Diýarymyzda iş saparynda bolan görnükli rus suratkeşleriniň we türkmen nakgaşlarynyň nusgalyk işlerinden ybaratdyr. Zakaspiý oblast muzeýinde bezeg suratkeşi bolup işlän Konstantin Mişiniň «Gamyşlar», «Garagum», 1930-njy ýyllarda ýurdumyza syýahat eden N.B.Terpsihorowyň «Täze durmuş. Oba», K.A.Wýalowyň «Kükürt zawody», I.I.Çerinkonyň «Pagta ýygymçylary» ýaly halkymyzyň medeni durmuşyny we türkmen tebigatynyň täsinliklerini çeper suratlandyrýan eserleri serginiň esasy bezegi boldy. Üstünden 100 ýyla golaý wagt geçen bu işler halkymyzyň geçmiş-taryhyny öwrenmäge, janly şekillerde synlamaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Sahnada täze komediýa

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary meşhur «Müňbir gije» ertekileriniň biri boýunça Jora Hudaýberdiýewiň edebi esasyny ýazan «Müneçjim» atly komediýany tomaşaçylara hödürledi. Režissýor Alijan Hemraýewiň sahnalaşdyran bu sahna eserinde maşgala gymmatlyklary barada söz açylýar. Täze sahna eserinde teatryň Z.Şükürowa, A.Akyýew, A.Jumageldiýew, S.Seýithanow ýaly artistleri dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini ynandyryjy janlandyrýarlar.

Ösüşlere beslenýän menziller

Häzirki zaman tehnologiýalary — mümkinçilikler giňişligi. Dünýä ösüşleri bilen aýakdaş gadam urmagyň innowasiýalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny Gahryman Arkadagymyz hemişe nygtaýar. Bu pikiri hormatly Prezidentimiz hem üstünlikleriň ilkinji şertleriniň biri hökmünde öňe sürýär. Şeýle öňdengörüjilikli garaýyşlar milli telekommunikasiýalar ulgamynda-da özgerişlikleri emele getirdi. Bu bolsa milli teleradioýaýlymlarymyzyň işinde täze mümkinçilikleriň giňişligini döretdi. Ol özgerişlikler «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň işe girizilmegi bilen täze depgine eýe boldy. 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanylmaga berlen, beýikligi 211 metre barabar bolan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi dünýäde deňiz derejesinden ýokarda duran iň iri we iň beýik binalaryň biridir. Merkez häzirki zamanyň iň kämil telekommunikasiýa enjamlarynyň täze görnüşleri, montaž, grafiki studiýalar bilen üpjün edilendir. Binadaky Oguz hanyň sekiz burçly äpet ýyldyzy «Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyz» diýen at bilen dünýä rekordlarynyň sanawyna goşuldy. Yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan enjamlaryň döredýän mümkinçilikleri bilen baglylykda, teleýaýlymlarda berilýän şekillerdir sesleriň durulygy üpjün edilýär. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen teleradioýaýlymlarynyň işine aýratyn üns berlip, 2007-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda «Owa

Çuwal bagşyň «Bugdaýlysy»

Bu aýdym barada eşitmegime Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Söýün Amanow bilen gürrüňdeşligimiz sebäp bolupdy. Bagşy bolsaň, gürrüňiň aýdym, saz barada. Türkmenistanyň halk bagşysy Tüýli Otuzowyň şägirdidigimi eşiden Söýün bagşy: — Inim, Tüýli halypa Magtymguly Garlynyň şägirdidir. Çuwal bagşynyň gaty seýrek aýdan bir aýdymy bar eken. Özem keýpi öte artyk bolaýmasa, aýtmaýan eken. Şol aýdym barada Tüýli aga-ha biläýmeli, bir gyzyklansana şony — diýdi.

Aýdym-saz hakynda

Aýdym-saz terjime edilmeginiň zerurlygy bolmadyk ýeke-täk dünýä dilidir. Bertold AUERBAH,nemes ýazyjysy.

“Öý ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edara binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde gurnamagynda  “Öý ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatyň başynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen 2024-2025-nji ýyllarda Magtymguly Pragynyň 300 ýyllyk baýramçylyk toý dabarasyna ÝUNESKO guramasynyň gatnaşmagynda bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky şatlykly buşlyk habaryseslendirildi. Bu habar maslahata gatnaşanlary diýseň begendirdi. Şonuň bilen birlikde, maslahatyň başynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly senelere goşulan ýenede bir toý baýramlary bilen gutladylar.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň teklip etmeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Eziz Diýarymyza ÝUNESKO-dan gelip gowşan bu hoş habar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni gymmatlyklaryna goşan goşandynyň ýene bir ykrarnamasydyr. Bu şatlykly waka mynasybetli 27-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda şahyryň ömri, bilimi, durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan çuňňur many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eserleriniň jemgyýetimiz, tutuş adamzat üçin ähmiýeti babatynda özara pikir alşyldy.

Garagum sährasy — ylham çeşmesi

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Medeniýet, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat, döredijilik işgärleriniň, daşky gurşawy goramak gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Garagum sährasynyň gözelliginiň waspy» atly döredijilik gezelenji guraldy. «Bereketli Garagum» goraghanasynyň çäginde guralan döredijilik gezelenjiniň dowamynda giň sähranyň taýsyz gözelligini özünde jemleýän ajaýyp tebigatda okalan şygyrlar, ýerine ýetirilen aýdym-sazlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, abadan ýaşaýşynyň, şeýle-de sähranyň gaýtalanmajak gözelliginiň belent waspy bolup ýaňlandy.

Magtymguly Pyragynyň ýubileýi — dünýäniň şanly senesi

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen Türkmenistanyň teklip etmeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu şatlykly waka mynasybetli düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň düzümleriniň ýolbaşçylary, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de muzeýleriň, kitaphanalaryň hünärmenleri, aýdymçy-sazandalar, artistler we köp sanly beýleki döredijilik işgärleri, ugurdaş bilim ojaklarynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň başynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri «Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy» atly edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Soňra çäräniň dowamynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-medeni durmuşyndaky bu ajaýyp waka bilen bagly buýsançly çykyşlar diňlenildi. Çykyşlar bilen utgaşykl

Dabara beslendi

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan ýurdumyz tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli Kararnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly maslahat boldy. Maslahatda Hökümet agzalary bilen bir hatarda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa çykyş etdi. Ol şahyryň goşgularynyň dünýä ýaýylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň, şeýle hem ÝUNESKO guramasynyň uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen nygtady.

Dabaraly maslahat

Şu gün — 27-nji noýabrda  Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna Türkmenistanyň teklibi boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleri, ylym-bilim işgärleri gatnaşdylar.

Älemi parahatçylyga çagyrýan şahsyýet

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabarada Gündogaryň beýik akyldary, şygryýet äleminiň ýagty ýyldyzy saýylýan Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, halallygy, ynsanperwerligi, agzybirligi ündeýän täsirli şygyrlary edebi sazly kompozisiýa astynda diýseň täsirli ýaňlandy. Çäräniň dowamynda «Magtymguly» atly operadan bir parça görkezildi.

Türkmen filminiň halkara üstünligi

Golaýda Belarus Respublikasynda ýurduň iň uly kino forumy — «Listapad» Minsk halkara kinofestiwaly geçirildi. Indi 29-njy gezek guralan bu özboluşly döredijilik çäresi bir hepdäniň dowamynda diňe bir ýurduň paýtagtynda däl-de, beýleki şäherlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Şu ýyl kinofestiwala jemi 107 döwletden 2087 sany çeper film hödürlenildi. Türkmenistanly kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly filmi hem festiwalyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde tomaşaçylara görkezildi. Bilşimiz ýaly, «Daragt» filminde geçen asyryň ýowuz urşunyň yzynda galan türkmen maşgalasynyň ykbaly baradaky wakalar şöhlelendirilýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe ýanýoldaşyny urşa ugradan baş gahryman Näzik, şondan bäri ençeme ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşýar. Film şol pursatlara şaýat bolanlaryň gürrüňlerinden ýazylyp alnyp şekile geçirilen hakyky durmuşy wakalaryny öz içine alýar.

Milliligi döwre sazlaýan dizaýner

Gadymy milli däp-dessurlary aýap saklamagyň, olary nesilden-nesle geçirmegiň ýeňil iş däldigini hemmeler bilýär. Döwür özgerdigiçe, nesilleriň isleg-arzuwlary hem üýtgeýär, özgerýär. Has gadymy döwürlerden bärligine mysal getirsek, ozal balykgulakdan monjugynyň bolanyny islän zenanlar, soňlugy bilen, misden, bürünçden, kümüşden we has soň altyndan ýasalan monjuklaryň hyrydarlaryna öwrüldiler. Olar altyndan monjuga aňryýany bilen mynasypdyrlar. Çünki sungat, millilik diýlende-de, ilki bilen, zenan zehininden, zenan ellerinden dörän gymmatlyklar göz öňüňe gelýär. Söýmek, döretmek, arzuw-umyt etmek ýaly iň näzik duýgularyň zenanlaryň kalbynda has çuň orun alandygy üçin, olar döredýän ähli zatlaryna barja arzuw-umytlaryny siňdirip, söýgi bilen döredýärler welin, oňa «sungat» diýmän, başga näme diýjegiňem bilmeýärsiň. Sungat derejesine ýeten zatlary bolsa halklar öz milli gymmatlyklary, baýlygy hasaplaýarlar. Diňe döretmekde däl, eýsem, halkyň milli baýlyklaryny nesilden-nesle geçirmekde-de zenanlar öz güýç-gaýratyny görkezip gelýärler. El işleriň ähli görnüşlerini döwre görä kämilleşdirseler-de, olaryň inçeligini we halkyň milliligine mahsus özboluşlylygyny saklap gelýärler. Öz halkynyň milli gymmatlyklaryny jandan söýýän we milli lybaslaryny döwrebap äheňde döretmegi dowam edýänleriň biri hem hytaý zenany Guo Peýdir. Ýokary derejeli nysakçy hökmünde dünýäde uly meşhu

Zehin zehinden zyýada

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda «Joşgun» atly täze akapella çagalar ansambly döredildi. Akapella hor toparyna bu okuw mekdebinde dürli hünärler boýunça okaýan okuwçylar gatnaşýarlar. Bu toparda türkmen halypa kompozitorlarynyň, şeýle-de dünýä belli daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymdyr sazlary, çagalar üçin döredilen meşhur häzirki zaman eserleri täzeden işlenilip, ýerine ýetirilýär. Çagalar akapella aýdymlaryny üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerine ýetirýärler.