Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

28 Noýabr 2023
865

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň teklip etmeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Eziz Diýarymyza ÝUNESKO-dan gelip gowşan bu hoş habar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni gymmatlyklaryna goşan goşandynyň ýene bir ykrarnamasydyr.

Bu şatlykly waka mynasybetli 27-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda şahyryň ömri, bilimi, durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan çuňňur many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eserleriniň jemgyýetimiz, tutuş adamzat üçin ähmiýeti babatynda özara pikir alşyldy.

Annamyrat NAZAROW,
Aşgabat şäherindäki 128-nji orta mekdebiň müdiri.