Türkmen filminiň halkara üstünligi

27 Noýabr 2023
591

Golaýda Belarus Respublikasynda ýurduň iň uly kino forumy — «Listapad» Minsk halkara kinofestiwaly geçirildi. Indi 29-njy gezek guralan bu özboluşly döredijilik çäresi bir hepdäniň dowamynda diňe bir ýurduň paýtagtynda däl-de, beýleki şäherlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Şu ýyl kinofestiwala jemi 107 döwletden 2087 sany çeper film hödürlenildi. Türkmenistanly kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly filmi hem festiwalyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde tomaşaçylara görkezildi.

Bilşimiz ýaly, «Daragt» filminde geçen asyryň ýowuz urşunyň yzynda galan türkmen maşgalasynyň ykbaly baradaky wakalar şöhlelendirilýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe ýanýoldaşyny urşa ugradan baş gahryman Näzik, şondan bäri ençeme ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşýar. Film şol pursatlara şaýat bolanlaryň gürrüňlerinden ýazylyp alnyp şekile geçirilen hakyky durmuşy wakalaryny öz içine alýar.

(Ýörite habarçymyz).