Dabara beslendi

27 Noýabr 2023
475

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan ýurdumyz tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli Kararnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly maslahat boldy.

Maslahatda Hökümet agzalary bilen bir hatarda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa çykyş etdi. Ol şahyryň goşgularynyň dünýä ýaýylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň, şeýle hem ÝUNESKO guramasynyň uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen nygtady.

Ýörite habarçymyz.