Garagum sährasy — ylham çeşmesi

28 Noýabr 2023
499

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Medeniýet, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat, döredijilik işgärleriniň, daşky gurşawy goramak gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Garagum sährasynyň gözelliginiň waspy» atly döredijilik gezelenji guraldy.

«Bereketli Garagum» goraghanasynyň çäginde guralan döredijilik gezelenjiniň dowamynda giň sähranyň taýsyz gözelligini özünde jemleýän ajaýyp tebigatda okalan şygyrlar, ýerine ýetirilen aýdym-sazlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, abadan ýaşaýşynyň, şeýle-de sähranyň gaýtalanmajak gözelliginiň belent waspy bolup ýaňlandy.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.