Milli däp-dessurlarymyz — buýsanjymyz

4 Dekabr 2023
635

Türkmen halkynyň baý edebi mirasy köküni irki döwürlerden alyp gaýdýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň-derejede ösýän edep-terbiýedir däp-dessurlarymyz hem kämilleşip, arkama-arka dowam edýän milli gymmatlyga öwrülýär. Ata-babalarymyz ýaş nesillere şeýle asylly ýörelgeleri miras galdyrypdyrlar. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik bilen bir hatarda, milli mirasa sarpa goýmak, edim-gylymlarymyzy dowam etdirmek ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak hem döwrümiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle ajaýyp, şatlykly günlerimizde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyz has-da döwrebaplaşdyrylýar, täze öwüşgine eýe bolýar. Şeýle asylly däp-dessurlarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda dürlüçe dowam etdirilýär.

Roza ISMAILOWA,
Köýtendag etrabynyň Magdanly şäher Medeniýet merkeziniň usulyýetçisi.