Zehin zehinden zyýada

24 Noýabr 2023
660

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda «Joşgun» atly täze akapella çagalar ansambly döredildi.

Akapella hor toparyna bu okuw mekdebinde dürli hünärler boýunça okaýan okuwçylar gatnaşýarlar. Bu toparda türkmen halypa kompozitorlarynyň, şeýle-de dünýä belli daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymdyr sazlary, çagalar üçin döredilen meşhur häzirki zaman eserleri täzeden işlenilip, ýerine ýetirilýär. Çagalar akapella aýdymlaryny üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerine ýetirýärler.

Kerim JUMAGULYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy.