Magtymguly Pyragynyň ýubileýi — dünýäniň şanly senesi

28 Noýabr 2023
678

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen Türkmenistanyň teklip etmeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu şatlykly waka mynasybetli düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň düzümleriniň ýolbaşçylary, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de muzeýleriň, kitaphanalaryň hünärmenleri, aýdymçy-sazandalar, artistler we köp sanly beýleki döredijilik işgärleri, ugurdaş bilim ojaklarynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatyň başynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri «Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy çyragy» atly edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Soňra çäräniň dowamynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-medeni durmuşyndaky bu ajaýyp waka bilen bagly buýsançly çykyşlar diňlenildi. Çykyşlar bilen utgaşyklylykda, sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň arzuwlan häzirki ajaýyp döwrümizi, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de akyldar şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar ýaňlanyp, olar dabaraly maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Teatryň artistleriniň «Magtymguly» operasyndan bir bölegi ýerine ýetirmegi bolsa medeni çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Ýazga geçiren Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.