Milliligi döwre sazlaýan dizaýner

25 Noýabr 2023
794

Gadymy milli däp-dessurlary aýap saklamagyň, olary nesilden-nesle geçirmegiň ýeňil iş däldigini hemmeler bilýär. Döwür özgerdigiçe, nesilleriň isleg-arzuwlary hem üýtgeýär, özgerýär. Has gadymy döwürlerden bärligine mysal getirsek, ozal balykgulakdan monjugynyň bolanyny islän zenanlar, soňlugy bilen, misden, bürünçden, kümüşden we has soň altyndan ýasalan monjuklaryň hyrydarlaryna öwrüldiler. Olar altyndan monjuga aňryýany bilen mynasypdyrlar. Çünki sungat, millilik diýlende-de, ilki bilen, zenan zehininden, zenan ellerinden dörän gymmatlyklar göz öňüňe gelýär. Söýmek, döretmek, arzuw-umyt etmek ýaly iň näzik duýgularyň zenanlaryň kalbynda has çuň orun alandygy üçin, olar döredýän ähli zatlaryna barja arzuw-umytlaryny siňdirip, söýgi bilen döredýärler welin, oňa «sungat» diýmän, başga näme diýjegiňem bilmeýärsiň. Sungat derejesine ýeten zatlary bolsa halklar öz milli gymmatlyklary, baýlygy hasaplaýarlar. Diňe döretmekde däl, eýsem, halkyň milli baýlyklaryny nesilden-nesle geçirmekde-de zenanlar öz güýç-gaýratyny görkezip gelýärler. El işleriň ähli görnüşlerini döwre görä kämilleşdirseler-de, olaryň inçeligini we halkyň milliligine mahsus özboluşlylygyny saklap gelýärler. Öz halkynyň milli gymmatlyklaryny jandan söýýän we milli lybaslaryny döwrebap äheňde döretmegi dowam edýänleriň biri hem hytaý zenany Guo Peýdir.

Ýokary derejeli nysakçy hökmünde dünýäde uly meşhurlyk gazanan Guo Peý 1967-nji ýylyň 12-nji martynda Hytaýyň Pekin şäheriniň Haýdýan etrabynda dünýä inýär. Kakasy Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň agzasy, ejesi Pekindäki çagalar bagynyň terbiýeçisi bolup işlän Guo Peý kiçilikden surat çekmegi juda oňat görüpdir. Ýöne ene-atasy onuň suratçy bolmagyny islemändiler. Bir gezek öýe berlen ýumuşlaryna derek surat çekip oturan gyzyny gören kakasy onuň ähli çeken suratlaryny ýyrtyp, gaýdyp bu iş bilen meşgullanmazlygy tabşyrypdyr. Şondan soň Guo Peý täze güýmenjäni — tikin etmegi öwrenipdir. Muňa bolsa hiç kim garşy bolup bilmändir. Soňlugy bilen göreji kütelişip başlan ejesine bu örän uly kömek bolupdyr.

Taýýarlan Züleýha GULOWA,
«Zenan kalby».