"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täzelik

Türkmenabadyň pagta egirme fabriginde üstümizdäki ýyla şowly gadam basyldy. Bu ýerde öndürilýän önümlere isleg barha artýar. Döwrebap kärhanada ýylyň başyndan bäri nah ýüplükleriň 929,5 tonnadan gowragy öndürildi. Olar dürli ölçegli ýokary hilli önümlerdir. Geçen döwürde olaryň ählisi ýurdumyzyň çäginde hereket edýän dokma kärhanalaryna ugradyldy. Ýüplük egrijiler üstümizdäki ýylda yhlasly zähmet çekip, geçginli önümleri köp öndürmegi maksat edinýärler.

Täze jaýda bagtly durmuş

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary şatlykly wakalaryň şaýatlary boldular. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza toý-saparyny amala aşyryp, il-ýurt bähbitli işlere başlangyç berdi, zähmet adamlarynyň durmuşy bilen tanyşdy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine itergi berýän çözgütleri salgy berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saparynyň çäklerinde ildeşlerimiziň ruhlaryny belende göterýän wakalaryň birnäçesi bolup geçdi.

«Şir ýag» öz önümçiligini ýola goýdy

Düýn Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde «Asuda akym» hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň önümçiligi öz işine başlady. Bu wakanyň hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran saparyna gabat gelmegi täze zawodyň zähmet adamlarynda çäksiz buýsanç döretdi. Önümçilikde mineral we sintetiki ýaglaryň dürli görnüşi öndürilip başlandy. Awtoulaglar, senagat we oba hojalyk tehnikalary üçin niýetlenilen ýaglaryň ilkibaşda 25 görnüşini öndürmek meýilleşdirildi. Soňy bilen ony iki essä çenli köpeltmek maksat edinilýär. «Şir ýag» haryt nyşanly önümler dürli ölçegdäki plastik gaplara gaplanylyp, alyjylara hödürlenilýär.

Döwrebap awtobuslar ýolagçylara hyzmat edýär

Gadymy Lebabyň bereketli topragynda il-ýurt bähbitli işlere başlangyç berýän hormatly Prezidentimiziň sapary gününde gowulyklaryň sakasy çözlen ýaly boldy. Edil şol gün ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň adyndan «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine häzirkizaman awtobuslaryň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisindäki ÇYKYŞY

 (Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji marty) Hormatly aksakgallar!

Watançylyk mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyzy çäksiz begendiren ajaýyp waka boldy. Bu eser ýaş nesillerde watansöýüjiligiň kemala gelmeginde gymmatly gollanmadyr. Döwlet Baştutanymyz kitapda: «Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip belleýär. Bu jümleleriň ýaşlarymyzyň kalbynda, aňynda hemişelik orun alyp, olaryň watansöýüjilik duýgusyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedigi şübhesizdir. Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen köňül buýsandyryjy şygary halkymyzyň ýürek törüne aýdym bolup ýazyldy, durmuş ýolunyň şamçyragyna öwrüldi. Watana bolan söýgini ilkinji orunda goýup: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne bir döräýen jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin tutumly işleri durmuşa geçirýär. Milli ruhly, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek bolsa döwrüň talaby bolup durýar. Watan söýgüsi ömrümize many çaýyp, edýän işiňe ruhubelent, yhlasly ýapyşmaklyga itergi berýär.

Zenanlaryň keşbinde döwrümiziň bagty bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ähli taraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işler belent sepgitleri nazarlaýar. Jemgyýetiň esasy bolan maşgalanyň abadanlygyny üpjün etmekde, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda, sagdyn nesli kemala getirmekde, eneligi goramakda durmuşa geçirilýän işlerem diňe öwgä mynasypdyr. «Zenan mähek daşydyr» diýen pähime eýeren pederlerimiz zenan mertebesini hemişe gorap gezipdirler, aýal-gyzlaryň jemgyýetde tutýan ornuna ýokary baha beripdirler. Ajaýyp zamanamyzda bu ýörelge döwrebap many-mazmuna beslenip, dowamat-dowam bolýar. Zenan maşgala mukaddes öý-ojagyň synmaz sütüni, ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasy bolup durýar.

Goşa şatlyk — goşa toý

Halkara zenanlar güni Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň uly topary üçin goşa baýramçylyga öwrüldi. Şol günde «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasynyň baş potratçy bolmagy bilen hem-de «Rowaçly pursat» we «Höwesli ugur» hususy kärhanalarynyň bu kärhana ýakyndan ýardam bermeginde şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda dört gatly 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi gurlup, ulanylmaga berildi. Täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylan maşgalalar şatlyklaryny paýlaşmak üçin gelen myhmanlara toý saçaklaryny giňden ýazdylar. Täze öýlerde mekan tutunan bagtly zenanlaryň birnäçesi biziň bilen ýürek buýsançlaryny paýlaşdy: Güljemal ŞERMATOWA,

Goşa şatlyk getiren baýram

Mährem eneleriň, gelin-gyzlaryň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ýurdumyzda uly aladalar edilýär. Şu ýyl bellenilen Halkara zenanlar güni biziň agzybir maşgalamyza goşa şatlyk bolup doldy. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagynyň hem-de täze, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylmagynyň meni nähili begendirendigini söz bilen beýan edip bilemok. Bu meniň durmuşymda hiç haçan ýatdan çykmajak wakadyr. Köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň, ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň gowulanmagynyň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýandygy bizi — eneleri diýseň begendirýär. Döwletimizde çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda edilýän işler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýar. Ýaş nesliň döwlet tarapyndan uly alada bilen gurşalýandygyny görmek, duýmak uly bagt.

Biz — bagtyýar eneler

Gurbangül Nazberdiýewa,Bereket etrabyndan öý hojalykçy, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi: — Türkmen zenanlary — bagtdan paýly, ykballary nurly zenanlar. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem şol bagtdan, nurly ykbaldan nyşandyr. Şeýle sylaga mynasyp bolan eneleriň arasynda özümiňem bolmagym maşgalamyzyň ähli agzalarynyň başyny göge ýetirdi. «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşany bilen birlikde, Galkynyş şäherçesinden ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylmagyna begenjimiň, buýsanjymyň çägi bolmady.

Öý-ojak bagtyýarlygy

Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Köp çagaly maşgalalar we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy baradaky mesele hem hemişe üns merkezinde saklanylýar. Her ýyl Halkara zenanlar gününiň giňden baýram edilýän günlerinde ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen belent adyň dakylmagy, olara täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy hem şeýle oňyn aladalaryň aýdyň mysalydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da döwletimiz boýunça köp çagaly eneleriň ençemesi hormatly atlaryň we täze jaýlaryň eýeleri boldy. Şolaryň hatarynda Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysy, sekiz çaganyň enesi Rano Hemraýewa hem bar. Bagtyýar enäniň maşgalasynda jaý toýy uludan tutuldy. Goşa bagtyň — sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren ene hökmünde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Ene mähri» diýen adyň hem-de täze jaýyň eýesi bolan bagtyýar enäniň we onuň maşgala agzalarynyň şatlyk-buýsanjynyň çägi ýok.

Belent hormat-sarpanyň nyşany

Halkymyz Zeminiň zynatyna, mertebe tuguna deňelen zenanyň, mähriban enäniň hormat-sarpasyny nusgalyk derejelere göteripdir. Nusgawy şahyrlaryň döredijiliginde zenanlaryň belentden ýetirilen waspy muňa doly subutnamadyr. Ussat zergärlerimiz bolsa altyn-kümüşden, gymmatbaha daşlardan döreden ajaýyp şaý-seplerini gelin-gyzlara bagyş edipdirler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly çuň mazmunly eseri bilen halkymyzyň zenanlara bolan belent sarpasynyň dowamat-dowamdygyny dünýä ýaýdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenip geçilen Halkara zenanlar gününiň täsirli baýramçylyk çäreleri şeýle buýsançly hakykatyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.

Eneler ýylgyrsa, ýylgyrýar Zemin

Galkynyşdan ganatlanan döwrümizde zenanlara goýulýan sarpa barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiz zenan mertebesini beýgeltmek bilen, käbä deňelýän enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany kemala getiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, köp perzentli maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşuryllyp, durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi olara goýulýan hormatyň beýik nusgasydyr. Gül Diýarymyzyň bezegi bolan eneleriň şatlygy, Zemini ýagtyldýan ýylgyryşlary baýramçylyk dabaralarynyň toý şatlygyny artdyryp, köňüllere sowulmajak ýazy bagyşlaýar. Şeýle bagtly zenanlaryň biri hem sekiz çagaly ene ― Dänew etrabynyň Berzeň geňeşliginiň ýaşaýjysy Nartäç Saparowadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji marty) Hormatly aksakgallar!Gadyrly myhmanlar!

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar. Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmagyň, dost-doganlygyň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar. Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmagyň, dost-doganlygyň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji marty) Hormatly aksakgallar!Gadyrly myhmanlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

“TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy — Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?

Arassa agyz suwy

«Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň Görogly etrap bölüminiň işgärleri ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp işlemek bilen, göwnejaý netijeleri gazanýarlar. Şeýlelikde olaryň yhlasly zähmeti bilen etrabyň Görogly şäherinde, Abadanlyk, Zaman, Bereket, Ýagtylyk, H.Myradow adyndaky geňeşlikleriniň we beýleki ilatly ýerleriň ýaşaýjylaryna arassa agyz suwy bökdençsiz ýetirilýär. Şonda etrabyň çäginde bar bolan onlarça dik guýulardan, suw geçirijilerden netijeli peýdalanylýar. Şeýle üstünlikleriň gazanylmagynda bu ýerde zähmet çekýän 70-e golaý işçi-hünärmenleriň mynasyp goşantlary bar. Ýeri gelende bellesek, kärhanada agyz suwuny ulaglaryň kömegi bilen öýlere eltip bermegiň hem ýola goýulmagy ilat arasynda hoşallyk döredýär. * * *

Hormatly adyňyz gutly bolsun!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy ýurduna öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde zähmetsöýer zenanlaryň hem paýy uludyr. Ýaş nesillerimizi ata Watanymyza we merdana halkymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde kalby mähirden doly eneleriň örän uly hyzmaty bardyr. Mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyk edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde olar bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Eziz perzentlerinde ynsanperwerlik, ahlaklylyk, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik häsiýetlerini kemala getirýän, ýürekleri mähirden hem-de buýsançdan doly, yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimiz-de hormat-sarpasy örän ýokarydyr. Merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň bagtyýar geljegini kep